Учебник по математике для 10 класса на туркменском языке.
Фрагмент из книги:
Toplum matematikanyň başlangyç düşünjelerinden bolup, ony özünden ýönekeýrak düşünjeler arkaly häsiýetlendirip bolmaýar. Durmuşda mälim obýektler toplumyny bir bitewi zat diýip garamaly bolýar. Aýdaly, biolog haýsyda bolsa ülkedäki ösümlikler we haýwanat dünýäsini öwrenmek bilen, ol jandarlary görnüşler boýunça, görnüşleri bolsa uruglar boýunça klaslara bölýärler. Her bir görnüş bir bitewilik diýlip garalýan jandarlar toplumydyr.
Toplum islendik tebigatly obýektlerden düzülen bolmagy mümkin. Meselem, Aziýa kontinentindäki ähli derýalar ýa-da sözlükdäki ähli sözler toplum bolup biler.








