Edebiýat, 5 synp, Razakowa К., Welbegow G., 2020

Edebiýat, 5 synp, Razakowa К., Welbegow G., 2020.

Учебник по литературе для 5 класса на туркменском языке.

   Meniň ilki mekdebim diwaryndan gum dökülip duran ýerdöl-di. Biz çöke düşüp, ýapyrylyp okaýardyk. Türkmen dilinde kitap çap edilmeýärdi. Neşirýat bolmasada, meşhur şahyrlaryň ga-natly sözleri ölmeýärdi. Olar halkyň dilinde ýaşaýardy.
Men Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň goşgularyny öz golum bilen göçürip aldym. Olary irginsiz okadym, ýatdan öwrendim. Edebiýata bolan höwes mende durdugyça ösýärdi.
Biziň halkymyzyň medeniýetiniň gülläp ösýän derejesi-de köp babatda çeper edebiýata bagly. Kitabyň her setiri tamdyranyň tary, her sözi onuň perdesi ýaly hiňlenip, okyjynyň pikirine pikir goşýar, duýgusyny oýarýar.
Ýazyjy kitabyň üsti bilen özüniň ömür tejribesini, düşünjesini, pikir-duýgusyny hödürleýär. Ol okyja ýüzlenýär: «Gadyrly dost, men şu kitaby seniň üçin ýazdym. Durmuş göreşden ybarat bolany üçin, adam dürli ýagdaýlara düşýär. Durmuşda gör nähili zatlar bar. Al. Oka. Seniň öz durmuşyňda, gyzykly işiňde... saňa kömek eder».
Kitap adamyň iň ynamdar ýoldaşy, iň gadyrly dostudyr. Şonuň üçin, gadyrly dost, edebiýata aýratyn üns ber, ony jandilden söýmek zerur.

Edebiýat, 5 synp, Razakowa К., Welbegow G., 2020


Halk döredijiligi barada düşünje.
Asyrlar boýy halk köpçüliginiň arasynda dilden-dile, nesildennesle geçip, ýatdan aýdylýan şahyrana edebi döredililige halk döredijiligi diýilýär. Halk döredijiligi mazmun hem şekil taýyndan dürli-dürlüdir. Olaryň birnäçesi gadymy döwürlerde döredilipdir. Halk döredijiligi döwre laýyk özgerip durýar. Halkyň dilini, edebiýatyny, taryhyny öwrenmekde ol uly ähmiýete eýedir.

Käwagt ýazyjy-şahyrlar öz eserleriniň temasyny hut halk döredijiligin-den alýarlar ýa-da halk döredijiliginiň nakyllar ýaly käbir görnüşleri bilen öz eserlerini bezeýärler. Edil şonuň ýalyda, ýazyjy-şahyrlaryň öz ýazan eserleri, gymmat bahaly setirleri hem halk döredijiligine öwrülip gidýär.

Halk döredijiliginiň: epos, dessan, erteki, läle, hüwdi, monjugatdy, aýdym, şorta söz, rowaýat, nakyl, matal, ýaňyltmaç, sanawaç, ýaremezan, toý aýdymlary, agylar, alkyş we dilegler, yrymlar ýaly görnüşleri bolýar.

MAZMUNY.
Kitap - bilimleriň çeşmesidir.
I. Halk döredijili.
Halk döredijiligi barada düşünje.
Aýdymlar.
Nakyllar.
Göroglynyň döreýşi.
Edebiýat ylmy: Epos barada düşünje.
II. Nusgawy edebiýat.
Magtymguly Pyragy. «Baş üstüne», «Görüm görülmegen ýerde», «Delalat ýagşy».
«Magtymguly» (M. Kösäýew).
Gurbandurdy Zelili. «Ýagşydyr», «Diýmek biläni».
Seýitnazar Seýdi. «Dönmenem begler», «Sen çölüň».
Mollanepes. «Nergezgin», «Aňsa».
III. XX asyr edebiýaty.
Nurmyrat Saryhanow. «Kitap».
Berdi Kerbabaýew. «Myraly».
Ata Gowşudow. «Dordepel».
Nurberdi Pomma «Watanym», «Öýümiziň bilbili».
Ata Köpekmergen. «Ilden öwredim», Şorta sözler.
Baýram şahyr. «Şaglap iner bürgütleri».
Durdy Gylyç. «Jykyryň».
Ata Salyh. «Ýolbars we Tilki».
IV. Doganlyk halklaryň edebiýaty.
Alyşir Nowaýy. Rubagylar.
Gafur Gulam. «Meniň ogruja oglum».
Berdimyrat Berdak. «Balam», «Ýagşyrak».
T. Kaýypbergenow. «Sag bol, mugallym».
Ä. Şamyradow. «Howandarlyk».
Y. Ýusupow. «Doganlyk».
A. Aripow.
V. Dünýä edebiýaty
A.S. Puşkin. Balykçy we balyjak hakynda erteki.
I.A. Krylow. «Garga bilen Tilki», «Möjek bilen Guzy».
Antuan de Sten-Ekzýuperi. «Kiçijik şazada».
Nodar Dumbadze. «Hellados».
VI. Synpdan daşary okuw.
Göroglynyň döreýşi (Gysgaldylyp alyndy).



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Edebiýat, 5 synp, Razakowa К., Welbegow G., 2020 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-11-21 17:48:30