учебник на туркменском языке

Informatika va hisoblash texnikasi asoslari, 8 sinf, Boltayev B.J., 2015

Informatika va hisoblash texnikasi asoslari, 8 sinf, Boltayev B.J., 2015.

Учебник по информатике для 8 класса на туркменском языке.

  Siz tanyşmaly we mundan beýläk peýdalanjak şu derslik Sizi informatika älemine alyp girer, onuň syrlaryny öwrenmekde möhüm kömekçiňiz bolar, diýip umyt edýäris.
Derslik üç bapdan ybarat bolup, ilkinji bapda kompýuterler we olaryň gurluşy, ikinji bapda operasiýa ulgamlary, üçünji bapda bolsa elektron jedweliň mümkinçiligi, elektron jedwelleriň kömeginde taýýarlanan resminamalarda suratlar we jedweller bilen işlemek, diagrammalary we grafikleri ýerleşdirmegiň usullary hakynda gürrüň edilýär.

Informatika va hisoblash texnikasi asoslari, 8 sinf, Boltayev B.J., 2015
Скачать и читать Informatika va hisoblash texnikasi asoslari, 8 sinf, Boltayev B.J., 2015
 

Bedenterbiýe, 7-8 synp, Usmanhojaýew T.S., Arzumanow S.G., Usmanhojaýew S.T., 2017

Bedenterbiýe, 7-8 synp, Usmanhojaýew T.S., Arzumanow S.G., Usmanhojaýew S.T., 2017.

Учебник по физкультуре для 7-8 класса на туркменском языке.

   Eziz çagalar, siz bedenterbiýä degişli belli bir па-гагу bilimleriň esaslaryny eýelediňiz. Dürli sport görnüşlerine degişli başlangyç amaly endikleri we başarnyklary özüňizde emele getirdiňiz. Indi bolsa ýaşyňyzy we şahsy mümkinçilikleriňizi hasaba almak bilen, siz mekdebiň ýanyndaky sport seksiýalaryna, çagalar we ýetginjekler sport mekdeplerine gatnaşmagyňyz maksada laýykdyr.

Bedenterbiýe, 7-8 synp, Usmanhojaýew T.S., Arzumanow S.G., Usmanhojaýew S.T., 2017
Скачать и читать Bedenterbiýe, 7-8 synp, Usmanhojaýew T.S., Arzumanow S.G., Usmanhojaýew S.T., 2017
 

Dünýä taryhy, 7 synp, Salimow T.O., Sultanow F.E., 2017

Dünýä taryhy, 7 synp, Salimow T.O., Sultanow F.E., 2017.

Учебник по истории для 7 класса на туркменском языке.

   Siz 6-njy synpda «Dünýä taryhy»nyň gadymky döwrüni öwrendiňiz. Gadymky döwürde adamlaryň nähili ýaşandygyny, Gadymky Gündogar, Gresiýa we Rim döwletleriniň gülläp ösüşi we krizisleri barada bildiňiz.
7-nji synpda bolsa orta asyrlar döwri taryhyny okap-öwrenersiňiz. Bu döwür dünýä taryhynyň milady V asyryň ahyryndan – XV asyryň ahyryna çenli bolan döwrüni, ýagny gadymky zaman bilen täze zamanyň arasyndaky 10 asyry öz içine alýar.
Italiýaly magaryfçy alymlar adamzat taryhyny «gadymky taryh», «orta taryh» we «täze taryh»lara bölüp öwrenmegi teklip etipdirler. «Orta taryh» diýende, ilki bilen, orta asyrlaryň taryhy düşünilýär.

Dünýä taryhy, 7 synp, Salimow T.O., Sultanow F.E., 2017
Скачать и читать Dünýä taryhy, 7 synp, Salimow T.O., Sultanow F.E., 2017
 

Informatika, 7 synp, Baltaýew B.J., 2017

Informatika, 7 synp, Baltaýew B.J., 2017.

Учебник по физике для 7 класса на туркменском языке.

   Eziz okuwçylar! Siz öňki synplarda häzirki zaman informasion tehnologiýalary serişdelerinden biri bolan kompýuterden peýdalanmak boýunça ilkinji endik we başarnyklara eýe bolupdyňyz. Şonuň bilen birlikde, kompýuter – okatmak, hasaplama, şekillendirmek, redaktirlemek, dynç almagyň hem-de habar bilen işlemegiň serişdesidigi hakynda maglumat alypdyňyz.
Şu dersligiň kömeginde Siz habary toplamagyň, ýaýratmagyň, saklamagyň we gaýtadan işlemegiň kanunlaryny, usullaryny hem-de çalasyn kompýuterler we başga döwrebap serişdeleriň kömeginden peýdalanmagy öwrenersiňiz. Häzirki wagtda habaryň gymmat bahaly önüme öwrülmegi informatika ylmynyň abraýynyň we ähmiýetiniň barha artýandygyny delillendirýär.
Size hödürlenýän şu derslik Sizi informatika älemine alyp girer, onuň syrlaryny öwrenmekde ýakyn kömekçiňiz bolar, diýip umyt edýäris.
Pikirimizçe, informatika ylmy sizde kompýuteriň hemişelik kömekçi we zähmetiňizi ýeňilleşdirýän serişdedigi barada düşünje galdyrmak bilen birlikde, öz amaly işiňizde täzelikleriň açylmagyna itergi bolup hyzmat eder.

Informatika, 7 synp, Baltaýew B.J., 2017
Скачать и читать Informatika, 7 synp, Baltaýew B.J., 2017
 

Fizika, 7 synp, Habibullaýew P.K., Baýdedaýew A., Bahromow A.D., 2017

Fizika, 7 synp, Habibullaýew P.K., Baýdedaýew A., Bahromow A.D., 2017.

Учебник по физике для 7 класса на туркменском языке.

   Biz 6-njy synpda fiziki ululyklar, maddanyň gurluşy, mehaniki, ýylylyk, ýagtylyk, ses hadysalary barada ilkinji maglumatlary aldyk. Şeýdip fizika ylmy barada ilkinji düşünjä eýe bolduk. Indi fizikanyň her bir bölümini jikme-jigräk öwrenmäge başlarys. Şol sanda, 7-nji synpda «Mehanika» bölümini öwrenýäris.

Fizika, 7 synp, Habibullaýew P.K., Baýdedaýew A., Bahromow A.D., 2017
Скачать и читать Fizika, 7 synp, Habibullaýew P.K., Baýdedaýew A., Bahromow A.D., 2017
 

Tehnologiýa, 6 synp, Şaripow Ş., 2017

Tehnologiýa, 6 synp, Şaripow Ş., 2017.

Учебник по технологии для 6 класса на туркменском языке.

   Eziz okuwçylar! Eliňizdäki 6-njy synp “Zähmet okuwy” (Tehnologiýa) dersligi Siziň adamlaryň durmuşynda möhüm orun tutýan amaly zähmet işine taýýarlanmagyňyzda möhüm orun tutýar. Kämillik ýaşyna ýetip, haýsy käri eýeleseňiz-de, kim bolsaňyz-da, tehnologiýadan alan bilimleriňiz we endikleriňiz Size öýde, maşgalada, işiňizde hökman peýdasy deger. Tehnologiýa sapaklarynda materialşynaslyk, gural-enjamlar, gurluşlar we olardan peýdalanmaga degişli bilimleri özleşdirýärsiňiz. Önüm öndürmekde we öý hojalyk enjamlaryny abatlamaga degişli endiklere we başarnyklara eýe bolarsyňyz.

Tehnologiýa, 6 synp, Şaripow Ş., 2017
Скачать и читать Tehnologiýa, 6 synp, Şaripow Ş., 2017
 

Matematika, 6 synp, Mirzaahmedow M.A., Rahimkariýew А.А., Ismailow Ş.N., Togtahodjaýewa M.А., 2017

Matematika, 6 synp, Mirzaahmedow M.A., Rahimkariýew А.А., Ismailow Ş.N., Togtahodjaýewa M.А., 2017.

Учебник по математике для 6 класса на туркменском языке.

   Ata Watanymyz garaşsyz Özbegistan dünýä ylym-bilimine, medeniýetine ýüzlerçe beýik alymlarydyr, şahyrlary, döwlet işgärleridir, hudožnikleri ýetişdirip berdi. Siz, olaryň haýyrly işleriniň dowamysydygyňyzy unutmaň! Sahypalarymda diýarymyzyň beýik alymlarynyň döredijiliginden nusgalar berlen. Olar asyrlar aşyp seniň bilen güiTÜňdeş bolýar - sen olara buýsanmaga haklysyň!
Yaşlyk döwri bilim alynýan döwürdir. Beýik alymlaryň aýdyşy ýaly: „Yaşlykda alnan bilim daşa ýazylan ýazuw ýaly öçmezdir”. Matematikany öwrenmek yhlaslylygy we tutanýerliligi, köp meseleler we mysallara düşünip, olara aň ýetirip çözmegi talap edýär. Şu dersligi gowuja öwrenseňiz, size ömürbaky dost bolar!
Kämil edepliligi we ylym-bilimli bolmagyňyzy islemek bilen.

Matematika, 6 synp, Mirzaahmedow M.A., Rahimkariýew А.А., Ismailow Ş.N., Togtahodjaýewa M.А., 2017
Скачать и читать Matematika, 6 synp, Mirzaahmedow M.A., Rahimkariýew А.А., Ismailow Ş.N., Togtahodjaýewa M.А., 2017
 

Telekeçiligiň esaslary, 11 synp, Gafurow U., Şaripow K., 2018

Telekeçiligiň esaslary, 11 synp, Gafurow U., Şaripow K., 2018.

Учебник по бизнесу для 11 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Biziň ýene bir möhüm wezipämiz – kiçi biznes we telekeçilik ugruny goldamak we höweslendirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, ýurdumyzda parahatçylyk we berkararlyk, sosial jebisligi berkitmekden, bu ugruň ülşüni has-da artdyrmak üçin amatly şertleri döredip bermekden ybarat. Näme üçin diýende, telekeçi diňe bir özüni we maşgalasyny däl, eýsem hem halky, hem döwleti bakýar. Men gaýtalaýan bolsam hem, aýtmakdan hiç haçan ýadamaryn, ýagny, halk baý bolsa, döwlet hem baý we güýçli bolýar.

Telekeçiligiň esaslary, 11 synp, Gafurow U., Şaripow K., 2018
Скачать и читать Telekeçiligiň esaslary, 11 synp, Gafurow U., Şaripow K., 2018
 
Показана страница 17 из 25