Informatika, 7 synp, Baltaýew B.J., 2017

Informatika, 7 synp, Baltaýew B.J., 2017.

Учебник по физике для 7 класса на туркменском языке.

   Eziz okuwçylar! Siz öňki synplarda häzirki zaman informasion tehnologiýalary serişdelerinden biri bolan kompýuterden peýdalanmak boýunça ilkinji endik we başarnyklara eýe bolupdyňyz. Şonuň bilen birlikde, kompýuter – okatmak, hasaplama, şekillendirmek, redaktirlemek, dynç almagyň hem-de habar bilen işlemegiň serişdesidigi hakynda maglumat alypdyňyz.
Şu dersligiň kömeginde Siz habary toplamagyň, ýaýratmagyň, saklamagyň we gaýtadan işlemegiň kanunlaryny, usullaryny hem-de çalasyn kompýuterler we başga döwrebap serişdeleriň kömeginden peýdalanmagy öwrenersiňiz. Häzirki wagtda habaryň gymmat bahaly önüme öwrülmegi informatika ylmynyň abraýynyň we ähmiýetiniň barha artýandygyny delillendirýär.
Size hödürlenýän şu derslik Sizi informatika älemine alyp girer, onuň syrlaryny öwrenmekde ýakyn kömekçiňiz bolar, diýip umyt edýäris.
Pikirimizçe, informatika ylmy sizde kompýuteriň hemişelik kömekçi we zähmetiňizi ýeňilleşdirýän serişdedigi barada düşünje galdyrmak bilen birlikde, öz amaly işiňizde täzelikleriň açylmagyna itergi bolup hyzmat eder.

Informatika, 7 synp, Baltaýew B.J., 2017


Informatikanyň ylym hökmünde şekillenişi.
Taryhdan mälim bolşy ýaly, maglumatlary agtarmak, toplamak, saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak meseleleri bilen adamlar kompýuterler döwrüne çenli hem meşgullanypdyrlar we bu işlere häzir «resminama ýöretmek» (dokumentalistika) diýilýär.

Adam ýaşaýşy we amaly işi dowamynda örän köp maglumat alýar, olaryň içinden gereklisini saýlap alýar, mümkingadar ýadynda saklaýar, käbirlerini soňluk bilen ulanmak üçin dürli görnüşlerde saklap goýýar, gerek däl diýip hasaplanlaryny ýadyndan we saklap goýan çeşmelerinden öçürýär, täzelerini goşýar ýa-da öňkülerini giňeldýär, käbir maglumatlary bolsa başgalar bilen bölüşýär.

MAZMUNY.
Sözbaşy.
I BAP. MAGLUMAT.
1-nji ders. Maglumat düşünjesi we akyl ýetirme barada.
2-nji ders. Maglumatlar üstünde ýerine ýetirilýän amallar.
3-nji ders. Maglumatlary kodlama usullary.
4-nji ders. Hasaplama sistemalary barada.
5-nji ders. Ikilik hasaplama sistemasynda amallar ýerine ýetirmek.
6-njy ders. Amaly sapak.
7-nji ders. Bir hasaplama sistemasyndaky sanlary başga hasaplama sistemasynda şekillendirmek.
8-nji ders. Amaly sapak.
9-njy ders. Maglumatlaryň kompýuterde şekillendirilişi.
10-njy ders. Amaly sapak.
II BAP. INTERNETDE IŞLEMEGIŇ ESASLARY.
11-nji ders. Informasion tehnologiýalar.
12-nji ders. Maglumatly älemiň meseleleri we internet.
13-nji ders. Internetde işlemegi üpjün ediji maksatnamalar.
14-nji ders. Internetde maglumatlary agtarmak.
15-nji ders. Elektron poçta.
16-njy ders. Maglumatlary goramak we antiwiruslar barada.
17-nji ders. Gaýtalamaga degişli ýumuşlar.
Esasy adalgalaryň düşündirişi.
Edebiýatlar.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Informatika, 7 synp, Baltaýew B.J., 2017 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-11-21 13:18:12