учебник на туркменском языке

Özbegistanyň taryhy, 11 synp, Joraýew N., Zamanow A., 2018

Özbegistanyň taryhy, 11 synp, Joraýew N., Zamanow A., 2018.

Учебник по истории для 11 класса на туркменском языке.

  XX asyryň soňky ýyllarynda we XXI asyryň başynda Özbegistanyň taryhy üçin bütinleý täze sahypa açyldy. Ol taryhy döwür hökmünde düýpli öwrülişik hadysasyny başlap berdi. Özbegistanyň sowet ulgamy şertindäki ahyrky ýyllary we özbaşdak ösüş döwri halkymyzyň birnäçe müň ýyllyk taryhynda özüniň mazmuny, düýp esasy, prosesleriň çaltlygy, waka-hadysalaryň okgunlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar.
Derslikde Özbegistanyň döwlet garaşsyzlygyny gazanmagy, täze jemgyýete geçiş döwründe syýasy özgertmeleriň amala aşyrylmagy, Özbegistanda hukuk demokratik döwlet gurulmagy, raýat jemgyýetiniň şekillendirilmegi, ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmaga degişli çäreler, ruhy taýdan päkleniş we milli gymmatlyklaryň dikeldilmegi hem-de Özbegistanyň dünýä bileleşiginden mynasyp orun almagy ýaly meseleler mümkingadar öz beýanyny tapdy.

Özbegistanyň taryhy, 11 synp, Joraýew N., Zamanow A., 2018
Скачать и читать Özbegistanyň taryhy, 11 synp, Joraýew N., Zamanow A., 2018
 

Dünýä taryhy, 11 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2018

Dünýä taryhy, 11 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2018.

Учебник по истории для 11 класса на туркменском языке.

  Dünýä taryhynyň 1991-nji ýyldan başlanan döwründe dünýäniň sosial-syýasy we ykdysady sistemasynda uly özgerişler bolup geçdi. Bu döwürde jemgyýetiň ähli ugurlaryna güýçli täsir eden faktor ylmy-tehniki rewolýusiýanyň täze basgançagy – kompýuter-habar rewolýusiýasy boldy. Bu rewolýusiýanyň täsirinde ösen döwletlerde siwilizasiýa industrial basgançakdan postindustrial, habar basgançagyna geçip başlady.
Bu derslik şu döwrüň wakalaryny beýan etmek bilen bilelikde, jemgyýetiň ösüşiniň häzirki basgançagyny analiz etmek we özbaşdak durmuşa gadam goýmagyň öňi syrasynda duran Siz okuwçylara özüňiziň durmuş gelejegiňizi belgiläp almak mümkinçiligini berýän bilimleri şekillendirer. Bu bilimler dünýä halklarynyň medeniýetiniň her biri özboluşly täsinligini, gumanizm we watançylyk prinsipleri, raýatlyk jemgyýeti we hukuky döwlet taglymlaryna esaslanan umumynsany gymmatlyklary düşünmäge kömek berer. Jemgyýetiň ösüşiniň möhüm kanunlaryny bilmeklik, ösüşiň özboluşly ýollaryny düşünmäge we öz gelejegi hakyndaky düşünjelere eýe bolmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, alan bilimleriňiz öňdebaryjy döwletleriň taryhy tejribesini Özbegistanda döredijilikli ulanmaga kömek berýär.

Dünýä taryhy, 11 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2018
Скачать и читать Dünýä taryhy, 11 synp, Ergaşew Ş., Hodjaýew B., Abdullaýew J., 2018
 

Ruhyýet esaslary, 10-11 synp, Koçkarow W., Mahmudow O., Zamonow Z., 2017

Ruhyýet esaslary, 10-11 synp, Koçkarow W., Mahmudow O., Zamonow Z., 2017.

Учебник по основам духовности для 10-11 класса на туркменском языке.

   Bu okuw kitabynda okuwçy ýaşlaryň kalbynda milli aňyýet we sagdyn dünýägaraýyş esaslaryny siňdirmek, olary ruhy hüjümlere garşy pugta durup bilmegi başarýan gaýratly, janköýer, watansöýüji ynsanlar edip terbiýelemek maksadynda ruhyýetiň asyl mazmunyna ýetip barmaga hereket edildi. Her bir temanyň başynda ugrukdyryjy soraglar we ýumuşlar berildi. Köp ýagdaýlar we mysallar siziň we deň-duşlaryňyzyň durmuşyndan alyndy. Olar siziň aşaky synplarda alan bilimleriňizi ýadyňyza salmakda özboluşly synag wezipesini ýerine ýetirýär.
Mundan başga, her bir temanyň soňunda «Dersiň netijesi» we «Degişmetapmaça» berlen. Olary üns berip okaň, degişme-tapmaçalaryň" jogabyny maşgala agzalaryňyz bilen ara alyp maslahatlaşyň. Olar dünýägaraýşyňyzyň, pikirlenmäňiziň ýene-de giňelmegine kömek eder, diýip ynanýarys.
Eziz okuwçy! Awtorlar «Ruhyýet esaslary» ylmyny pugta we çuň özleşdirmekde size üstünlik arzuw edýär.

Ruhyýet esaslary, 10-11 synp, Koçkarow W., Mahmudow O., Zamonow Z., 2017
Скачать и читать Ruhyýet esaslary, 10-11 synp, Koçkarow W., Mahmudow O., Zamonow Z., 2017
 

Dünýä dinleriniň taryhy, 10 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., 2017

Dünýä dinleriniň taryhy, 10 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., 2017.

Учебник по истории для 10 класса на туркменском языке.

   Ýurdumyzda jemgyýetçilik-ruhy gurşawy sagdynlaşdyrmakda milli gymmatlyklar bilen bir hatarda dini gymmatlyklaryň ähmiýeti hem uly. Özbegistanyň Birinji Prezidenti Islam Karimowyň aşakdaky sözlerinde bu prinsip özüniň aýdyň beýanyny tapypdyr: «Ýurdumyzy demokratik prinsipler, ylym-bilimiň gazananlary, ýokary tehnologiýalar esasynda modernizasiýa etmek bilen birlikde, mukaddes dinimizi, milli özlügimizi aýawlap ýaşamagy maksat edinendiris». Beýle çemeleşme durmuşy esasa eýe bolup, ol din ugrunda bolup geçýän özgerişleri halys, ylmy öwrenmek we şundan gelip çykyp, öňyn prosesleri has-da ösdürmek, ýaramaz halatlaryň öňüni almak üçin mümkinçilik döretdi.

Dünýä dinleriniň taryhy, 10 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., 2017
Скачать и читать Dünýä dinleriniň taryhy, 10 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., 2017
 

Türkmen dili, 9 synp, Arazow I., Latipow N., 2019

Türkmen dili, 9 synp, Arazow I., Latipow N., 2019.

Учебник по туркменскому языку для 9 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Dünýä dilleri diýende, Ýer togalagynda ýaşaýan ähli halklaryň dilleri göz öňünde tutulýar. Häzirki hasaplamalara görä, dünýäde 2500-den 5000-e çenli dil bar, ýöne olaryň takyk sanyny anyk aýtmak mümkin däl, çünki şol bir kökden ýaýran dilleri hem-de olaryň miwelerini tapawutlandyrmak aňsat däl, olaryň dürli toparlara bölünişi hem şertlidir.
Alymlar şol bir kökden ýaýraýşyny, garyndaşlygyny, biri-birine kybapdaşlygyny deňeşdirmek arkaly dünýä dillerini birnäçe uly toparlara bölýärler.

Türkmen dili, 9 synp, Arazow I., Latipow N., 2019
Скачать и читать Türkmen dili, 9 synp, Arazow I., Latipow N., 2019
 

Milli garaşsyzlyk taglymy we ruhyýet esaslary, 9 synp, Musurmanowa O., Karşibaýew M., Koçkarow R., 2015

Milli garaşsyzlyk taglymy we ruhyýet esaslary, 9 synp, Musurmanowa O., Karşibaýew M., Koçkarow R., 2015.

Учебник по обществознанию для 9 класса на туркменском языке.

   Umumy orta bilim berýän mekdepleriň 9-nji synplary üçin niýetlenen şu derslik Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň «Yuksak ma’naviyat – yengilmas kuch» we «O‘zbekiston mustaqillikka erishish ostonasida» kitaplary esasynda gaýtadan işlenen. Onda Milli garaşsyzlyk taglymy we ruhyýet esaslaryny düzýän esasy bilimler we düşünjeler döwrebap metodik usullar we talaplar esasynda açyp görkezilen.

Milli garaşsyzlyk taglymy we ruhyýet esaslary, 9 synp, Musurmanowa O., Karşibaýew M., Koçkarow R., 2015
Скачать и читать Milli garaşsyzlyk taglymy we ruhyýet esaslary, 9 synp, Musurmanowa O., Karşibaýew M., Koçkarow R., 2015
 

Himiýa, 9 synp, Askarow I.R., Gopirow K.G., Tohtabaýew N.H., 2019

Himiýa, 9 synp, Askarow I.R., Gopirow K.G., Tohtabaýew N.H., 2019.

Учебник по химии для 9 класса на туркменском языке.

   Adamlaryň gadymdan himiki maddalar we hadysalar bilen tanyş bolandyklary taryhdan mälim. Himiýanyň başlangyç ösüş döwürlerindäki pikirleriň, düşünjeleriň, barlaglaryň ösüşinde köp daşary ýurtly alymlar bilen bir hatarda özbek alymlarynyň hem mynasyp orunlary bar.
Özbegistanyň çäginde ýaşan halklar amaly işlerinde kän gazmak, demir eretmek, çoýun öndürmek, çüýşe taýýarlamak, toýun gaplary ýasamak ýaly işler, himiki maddalardan peýdalanyp taýýarlanan bezegler, kagyzlar, ýazuwlar, galatereýa önümleri üçin zerur bolan simap we onuň birleşmeleri, efir ýaglary, surma, ösümliklerden taýýarlanan däri-dermanlar giňden ulanylandygy barada maglumatlar bar. Agajyň gabygyndan we kenepden 751-nji ýylda Samarkantda kagyz öndürmek ýola goýlupdyr.

Himiýa, 9 synp, Askarow I.R., Gopirow K.G., Tohtabaýew N.H., 2019
Скачать и читать Himiýa, 9 synp, Askarow I.R., Gopirow K.G., Tohtabaýew N.H., 2019
 

Dünýä taryhy, 9 synp, Lafasow M., 2019

Dünýä taryhy, 9 synp, Lafasow M., 2019.

Учебник по истории для 9 класса на туркменском языке.

   Siz garaşsyz Özbegistanyň perzentlerisiňiz. Dünýä taryhyny öwrenende döwletimiziň ýolbaşçysy Şawkat Mirziýoýewiň „... dünýäde, daş töweregimizde jemgyýetimizdäki durnukly ýagdaýy hatardan çykarmak, adamlaryň arasyna agzalalyk döretmek, duşmanlyk tohumyny sepmek, dürli dawalary getirip çykarmak we hatda gan dökülmegini isleýän güýçler hem, gynansak-da, ýok däl“, diýen sözlerini ýatda saklamalysyňyz we onuň kökleri XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlaryna baryp direlýändigini bilmelisiňiz.
Siz umumy orta bilim berýän mekdebiň 9-njy synpyna ädim goýduňyz. Siz 8-nji synpda „Dünýä taryhy“ boýunça XVI asyryň başlaryndan XIX asyryň ikinji ýarymyna çenli bolan döwri öwrendeňiz. Bu döwürde jemgyýetiň ösüşinde depgin güýçlendi. Önümçilik irileşdi. Syýasy demokratiýa resmileşip, ýokary gatlaklaryň hökümdarlyk şekilleri kämilleşdi. Siz dünýä taryhynyň iň gyzykly, şunuň bilen birlikde, çylşyrymly döwrüni öwrenýärsiňiz. Çünki bu döwürde dünýäde uly özgerişler bolup geçdi. Bu döwrüň esasy alamaty – önümçilikde monopolistik kapitalizm emele geldi. Dürli sindikatlar, karteller, konsernler emele geldi. Önümçilik merkezleşdi, daşary ýurda kapital çykarmak başlanýar. Ençeme döwletler 100 ýylda gazanyp bilmedik ösüşi gazandylar.

Dünýä taryhy, 9 synp, Lafasow M., 2019
Скачать и читать Dünýä taryhy, 9 synp, Lafasow M., 2019
 
Показана страница 16 из 25