Книги по биологии для 7 класса на туркменском языке.
Siz 1-6-njy synplarda okuw dowamynda «Tebigy predmetler» derslerinde tebigat hakyndaky ençeme düşünje we adalgalar, kanunyýetler bilen tanyşdyňyz. Bu ýyl siz täze predmet – biologiýany öwrenmegi başlaýarsyňyz. «Tebigy predmetler»derslerinde özleşdiren bilimleriňizi indi siz üçin täze predmet – biologiýa arkaly ösdürip bararsyňyz. Eliňizde tutup duran derslik bolsa munda size kömek berýär. Biologiýa janly organizimleriň gurluşy we ýaşaýyş işjeňligi, köpdürliligi, taryhy we indiwidual ösüş kanunyýetlerini, şeýle hem ynsanyň janly tebigata täsirini öwrenýär.
Bu derslik kömeginde siz biologiýa derslerinde we özbaşdak ýagdaýda bakteriýalar, protoktistalar, kömelekler we ösümlikler, haýwanlaryň gurluşy we ýaşaýyş işjeňligi, olaryň köpeliş we ösüş aýratynlyklary, janly organizm görnüşleriniň köpdürliligi, olaryň tebigat we ynsan durmuşyndaky ähmiýeti hakynda bilimlere eýe bolarsyňyz.
BAKTERIÝALAR. PROTOKTISTALAR. KÖMELEKLER.
PROBLEMANY ANYKLAÝARYS. Tebigatda janly organizmleriň görnüşleri örän köp. Janly organizmler köpdürlüliginiň sebäbi nämede diýip oýlaýarsyňyz?
TÄZE BILIMLERI AÇYŞ EDÝÄRIS. Bakteriýalar ähli ýerde ýaşaýarlar. Olary bir damja suwda, toprakda, suw howdanlarynda, howa, ösümlik, haýwan we adam bedeninde, azyk önümlerinde, hatda ebedi buzluklarda hem duşmak mümkin. Açyk howada bakteriýalar kem, olar adam köp ýerlerde meselem kinoteatr, wokzal, synp otaglarynda örän köp bolýar. Şonuň üçin binalary tiz-tizden ýelejiredip durmaly. Bakteriýalar bir öýjükli organizmlerdir (1.8 surat). Göze görünmeýän bir öýjükli janly organizmlere mikroorganizmler ýa-da mikroblar diýilýär (grekçe mikros sözünden «kiçijik» diýmegi aňladýar). Mikroblary ilkinji gezek mikroskop astynda gollandiýaly alym A. Lewenguk gören.
MAZMUNY.
I BAP. JANLY ORGANIZMLERIŇ KÖPDÜRLÜLIGI.
1.1 Biologiýa – ýaşaýyş hakyndaky ylym.
1.2 Janly organizmleriň köpdürliligi.
1.3 Bakteriýalar. Protoktistalar. Kömelekler.
1.4 Ösümlikleriň köpdürliligi. Sporaly ösümlikler.
1.5 Tohumly ösümlikler.
1.6 Oňurgasyz haýwanlaryň köpdürliligi.
1.7 Oňurgaly haýwanlaryň köpdürliligi. Balyklar, amfibiýalar we reptiliýalar.
1.8 Guşlar we süýdemdirijiler.
1.9 Amaly iş. Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň sistematik toparlaryny öwrenmek.
II BAP. ÝAŞAÝŞYŇ MOLEKULA WE ÖÝJÜK DEREJESI.
2.1 Öýjük – janly organizmleriň gurluş birligi.
2.2 Dokumalar.
2.3 Laboratoriýa işi.
1. Ulaladyjy abzallaryň gurluşy.
2. Ösümlik dokumasyndan wagtlaýyn preparat taýýarlamak.
III BAP. ORGAN WE ORGANLAR SISTEMASY.
3.1 Gülli ösümlikleriň wegetatiw organlary. Kök.
3.2 Şaha.
3.3 Amaly iş. Wegetatiw organlaryň metamorfozyny öwrenmek.
3.4 Ösümlikleriň generatiw organlary. Gül.
3.5 Miwe.
3.6 Adam we haýwanlaryň organlary we organlar sistemasy.
IV BAP. KOORDINASIÝA WE ÖZ-ÖZÜNI DOLANDYRMAK.
4.1 Janly organizmleriň öz-özüni dolandyrmagy.
4.2 Amaly iş. Reflektor ýaýyny modelleşdirmek.
4.3 Nerw sistemasy.
4.4 Laboratoriýa işi. Ýagyş gurçugynyň refleksine gözegçilik etmek.
V BAP. IÝMITLENIŞ.
5.1 Organizmleriň iýmitlenişi.
5.2 Taslama işi. Mineral dökünleriň ösümligiň ösüşine täsirini öwrenmek.
5.3 Laboratoriýa işi. Ýaprakda organiki maddalaryň emele gelmegi.
5.4 Haýwanlaryň iýmitlenişi.
5.5 Adamyň iýmit siňdiriş sistemasy.
5.6 Amaly iş. Iýmit siňdiriş sistemasyny modelleşdirmek.
VI BAP. DEM ALYŞ.
6.1 Dem alşyň ähmiýeti. Ösümlikleriň dem alşy.
6.2 Adam we haýwanlaryň dem alşy.
6.3 Laboratoriýa işi. Ösümlikleriň dem alşyny öwrenmek.
6.4 Amaly iş. Fotosintez we dem alyş proseslerini deňeşdirmek.
VII BAP. JANLY ORGANIZMLERDE MADDALAR TRANSPORTY.
7.1 Ösümliklerde maddalar transporty.
7.2 Laboratoriýa işi. Ösümliklerde maddalar transportyny öwrenmek.
7.3 Laboratoriýa işi. Ýapraklaryň suw bugartmagyny öwrenmek.
7.4 Oňurgasyzlaryň gan aýlanyş sistemasy.
7.5 Amaly iş. Oňurgasyzlaryň gan aýlanyş sistemasyny modelleşdirmek we deňeşdirmek.
7.6 Oňurgalylaryň gan aýlanyş sistemasy.
7.7 Amaly iş. Oňurgalylaryň gan aýlanyş sistemasyny modelleşdirmek we deňeşdirmek.
VIII BAP. Bölüp çykaryş (ekskresiýa).
8.1 Bölüp çykaryş.
8.2 Adam we haýwanlaryň bölüp çykaryşy.
8.3 Amaly iş. Adamyň bölüp çykaryş organlaryny modelleşdirmek.
IX BAP. Hereketleniş.
9.1 Janly organizmleriň hereketlenişi.
9.2 Taslama işi. Ösümliklerde fototropizm, fotonastiýa, geotropizm hadysalaryna gözegçilik etmek.
9.3 Oňurgasyzlaryň hereketleniş organlary.
9.4 Laboratoriýa işi. Tufelka infuzoriýasynyň hereketlenişine gözegçilik etmek.
9.5 Oňurgalylaryň daýanç-hereket organlary.
9.6 Amaly iş. Oňurgaly haýwanlaryň daýanç-hereket sistemasyny modelleşdirmek.
X BAP. REPRODUKSIÝA, ÖSMEK WE ROWAÇLANMAK.
10.1 Organizmleriň köpelişi.
10.2 Taslama işi. Ösümlikleriň wegetatiw köpelişini öwrenmek.
10.3 Ösümlikleriň indiwidual rowaçlanmagy.
10.4 Amaly iş. Tohumly ösümlikleriň ýaşaýyş siklini öwrenmek.
10.5 Haýwanlaryň köpelişi.
10.6 Haýwanlaryň indiwidual rowaçlanmagy.
10.7 Amaly iş. Haýwanlaryň göni we göni däl rowaçlanmagyny deňeşdirme analiz esasynda öwrenmek.
XI BAP. GÖRNÜŞ, POPULÝASIÝA, EKOSISTEMA, BIOSFERA.
11.1 Görnüş, populýasiýa.
11.2 Amaly iş. Janly organizmleriň daşky gurşawa uýgunlaşmagyny öwrenmek.
11.3 Ekosistemalar. Biosfera.
11.4 Amaly iş. Iýmit zynjyry we iýmit toruny öwrenmek.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Biologiýa, 7 synp, Saparow K., Azimow I., Umaraliýewa M., 2022 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Теги: учебник на туркменском языке :: биология :: Saparow :: Azimow :: Umaraliýewa :: 7 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Следующие учебники и книги:
- Биология, 10 синф, Сапаров К., Азимов И., Умаралиева М., 2022
- Биология, 10 класс, Сапаров К., Азимов И., Умаралиева М., 2022
- Биология, 10 сынып, Сапаров К., Азимов И., Умаралиева М., 2022
- Biologiya, 10 klas, Saparov K., Azimov I., Umaraliyeva M., 2022
Предыдущие статьи:
- Биология, 7 синф, Сапаров К., Азимов И., Умаралиева М., 2022
- Биология, 7 класс, Сапаров К., Азимов И., Умаралиева М., 2022
- Биология, 7 сынып, Сапаров К., Азимов И., Умаралиева М., 2022
- Biologiya, 7 klas, Saparov K., Azimov I., Umaraliyeva M., 2022