Şekillendiriş sungaty, 6 synp, Muratow H., Mirhakimowa D., Abdullaýew K., 2022

Şekillendiriş sungaty, 6 synp, Muratow H., Mirhakimowa D., Abdullaýew K., 2022.

Учебник по изобразительному искусству для 6 класса на туркменском языке.

   Gadrly okuwçylar! «Şekillendiriş sungaty» 6-njy synp dersligi bilen siz şekillendiriş sungatynyň ýene-de gyzykly we döwrebap ukup başarnyklaryňyzy özüňiz üçin döredýärsiňiz. Döwrebap şekillendiriş sungatynyň reňkli jadyly dünýäsi size özüniň syrlaryny açýar.
Dersligiň kömeginde surat işlemegiň fluid art, pop art, 3D, «Doodling» we «Zentangle» ýaly täze usullary, kinetik heýkel ýasamak tehnikasy, kompýuter grafikasynda şekil işlemek temalary boýunça bilime, başarnyga we tejribelere eýe bolarsyňyz.
Bu derslik çeper estetik islegiňizi şekillendirýär, döredijilikli pikirlenmegiňizi kämilleşdirýär, sizi döwrebap (innowasion) ideýalaryňyzy döretmägi öwredýär hem-de kesbi-kär eýelemäge gönükdirýär.
«Şekillendiriş sungaty» dersligini berk berkitmegiňizi we özbaşdak döredijilik ýolunda üstünlikleri dileg edýäris!

Şekillendiriş sungaty, 6 synp, Muratow H., Mirhakimowa D., Abdullaýew K., 2022


ÇEPER ESERE ILLÝUSTRASIÝA IŞLEMEK.
Illýustrasiýa (latynça «illustratio» – aýdyňlaşdyrmak, sergili şekillendirmek) – şekillendiriş sungatynyň edebi eser (kitap, žurnal, gazet)iň obrazly düşündirlişi bilen bagly şahasy. Tekstde goşmaça onuň mazmunyny obrazly aýdyňlaşdyrmaga, doldurmaga hyzmat edýär. Ilkinji elýazma kitaplar peýda bolan döwürlerde ýüze çykypdyr. Ilkinji elýazmalar miniatýuralar bilen bezelen, kitap neşir etmek we ksilografiýanyň ýüze çykmagy illýustrasiýany ösdürdi.

Ylmy, nazary tekst (makala, kitap we ylmy eser)leriň mazmunyny obrazly aýdyňlaşdyrýan, leksiýalarda pikiri göz öňüne getirmekde kömek edýän sergili şekiller (reproduksiýa, fotosuratlar, dürli çyzgylar) hem illýustrasiýa diýip atlandyrylýar.

MAZMUNY.
Giriş.
I ÇÄRÝEK.
1-nji tema. «Tomusky suratlandyrmalarym temasynda kompozisiýa işlemek.
2-3-nji tema. Güýz peýzažyny işlemek.
4-5-nji tema. Maýda plastikadan milliy obrazlaryň heýkelini ýasamak.
6-njy tema. Mifologik temada surat işlemek.
7-nji tema. Güýz temasynda döredijilikli natýumort işlemek.
8-nji tema. 1-nji barlag işi. Güýz temasynda döredijilikli natýumorty reňkde işlemek.
9-njy tema. Fluid art uslulynda abstrakt kompozisiýa döretmek.
II ÇÄRÝEK.
10-njy tema. Hereket edýän adamyň şekilini işlemek.
11-nji tema. Siluet temasynda surat işlemek.
12-nji tema. Çeper esere illýustrasiýa işlemek.
13-nji tema. 2-nji barlag işi. Siluet temasynda surat işlemek.
14-nji tema. Erkin temada komiks işlemek.
15-16-njy tema. Gündogar miniatýura sungaty.
III ÇÄRÝEK.
17-nji tema. Sirk temasynda kompozisiýa işlemek (erkin usulda).
18-nji tema. Pop art uslulynda haýwanlaryň şekilini işlemek.
19-njy tema. Abstrakt kompozitsiýaly maket ýasamak.
20-nji tema. 3D uslulunda surat işlemek.
21-nji tema. «Zentangle» we «Doodling» usulynda surat işlemek.
22-nji tema. Mozaika usulynda şekil işlemek.
23-nji tema. Dürli materiallardan fantastik obrazlar ýasamak.
24-nji tema. Dürli materiallardan we tehnikalardan peýdalanyp kinetik heýkel ýasamak.
25-nji tema. 3-nji barlag işi. «Doodling» usulynda surat işlemek.
26-njy tema. Dürli materiallardan peýdalanyp stilizasiýa (stilleşdirme) usulynda heýkel ýasamak.
IV ÇÄRÝEK.
27-nji tema. Çäre üçin emblema döretmek.
28-nji tema. Plakat grafikasy.
29-njy tema. Kosmos temasyndaky abstrakt kompozisiýany kompýuter grafikasynda çekmek we boýamak.
30-njy tema. Hyýaldaky modern awtomobiliň suratyny işlemek.
31-32-nji tema. Plener (açyk howada işlemek).
33-nji tema. 4-nji barlag işi. «Meniň oýlap tapyşym» temasynda hyýaly surat işlemek.
34-nji tema. Döredijilikli sergi.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Şekillendiriş sungaty, 6 synp, Muratow H., Mirhakimowa D., Abdullaýew K., 2022 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-11-20 21:18:48