Şekillendiriş sungaty, 7 synp, Sulaýmanow A., Muhamedjanowa S., 2022

Şekillendiriş sungaty, 7 synp, Sulaýmanow A., Muhamedjanowa S., 2022.

Книги по изобразительному искусству для 7 класса на туркменском языке.

   Hormatly okuwçy! Size hödürlenýän bu täze nesil dersliginde şekillendiriş sungatynyň görnüşleri, žanrlary, akym we ugurlary, dörediji suratçylar, dizaýn, kompozision işjeňlik, kitapçylyk sungaty hakyndaky maglumatlar bilen tanyşýarsyňyz. Şekillendiriş sungaty sapaklarynda alan bilimleriňiz, özleşdiren amaly kompetensiýalaryňyz hünär saýlamagyňyzda size ýakyndan kömek berýär. Munuň üçin derslikdäki temalary höwes bilen berkitmegiňiz, amaly ýumuşlary ýerine ýetirip, öz başarnygyňyzy aşyryp barmagyňyz zerur bolar. Umyd edýäris, bu derslik döredijilikli işjeklik bilen bagly bolan suratçylyk, heýkeltaraşlyk, dizaýnerlik, binagärçilik ýaly hünärler hakynda göz önüne getirmegi peýda etmegiňiz üçin möhüm çeşme wezipesini ödeýär.

Şekillendiriş sungaty, 7 synp, Sulaýmanow A., Muhamedjanowa S., 2022


ARHITEKTURADA KOMPOZISIÝA. EKSTERÝER DIZAÝNY.
Şekillendiriş sungatda eksterýer diýlende binagärçilik gurluşuklar we olaryň daşky görnüşi düşünilýär.

Eksterýer dizaýnyny döretmegiň birinji tapgyrynda çyzyljak bina näme üçin niýetlenenini anyklap almaly: ýaşaýyş jaýynyň binasy, köp gatly söwda merkezi, sport toplumy we ş.m. Arhitektura gurluşy eksterýeri dizaýnyny döretmekde bu bina ýerleşen gurşaw, ol ýerdäki başga arhitektura obýektlerini hasaba almak talap edilýär. Meselem, taryhy şäherler gurşawynda döwrebap dizaýn çözgütdäki binany taslamalaşdyrmak gurşawyň özüne haslygyna otrisatel täsir görkezmegi mümkin. Ýada tersine, döwrebap şäherler gurşawynda orta asyrlara degişli dizaýn çözgüdindäki arhitektura gurluşuklaryny ýerleşdirmek gurşawyň döwrebaplygyna birnäçe laýyk gelmeýär. Döwrebap şäher gurşawy üçin laýyklaşdyrylan haýtek usulyndaky dizaýn çözgüdine eýe metjidler muňa mysaldyr (87-nji surat).

MAZMUNY.
1-NJI ÇÄRÝEK.
1-nji tema. Şekillendiriş sungatda simwolly (nyşanly) belgi we geraldika.
2-nji tema. Sungat festiwaly, sport bäsleşiginiň logotipini işlemek.
3-nji tema. Şekillendiriş sungatda akym we ugurlar. Impressionizm we postimpressionizm.
4-nji tema. Puantilizm usulynda peýzaž işlemek.
5-nji tema. Puantilizm usulynda natýurmort işlemek.
Barlag işi. Puantilizm usulynda peýzaž (ýa-da natýurmort) işlemek.
6-njy tema. Kubizm usulynda natýurmort işlemek.
2-NJI ÇÄRÝEK.
7-nji tema. Grafik programmalaryň kömeginde kitap sahabynyň dizaýnyny işlemek.
8-nji tema. Kitap illýustrasiýasy.
Barlag işi. Edebiýat sapaklarynda öwrenilen temalardan birine illýustrasiýa işlemek.
9-njy tema. Şriftli-grafik kompozisiýa.
10-njy tema. Kollaž tehnikasynda şekil işlemek.
3-NJI ÇÄRÝEK.
11-nji tema. Heýkeltaraşlykda portret.
12-nji tema. Heýkeltaraşlyk materiallaryndan dekoratiw predmetleri ýasamak.
13-nji tema. Landşaft dizaýny üçin funksional-dekoratiw heýkeljik ýasamak.
14-nji tema. Heýkeltaraşlykda dekoratiw panno ýasamak. Relýef.
Barlag işi. Plastilin ýa-da palçykdan meýletin temada relýef sypat kompozisiýa ýasamak.
15-nji tema. Özbegistan amaly bezeg sungatynda simwolly şekiller.
16-njy tema. Gyrmyzy (keşdeli) nagyş işlemek.
4-NJI ÇÄRÝEK.
17-nji tema. Dizaýn sungaty.
18-nji tema. Arhitekturada kompozisiýa. Interýer dizaýny.
19-njy tema. Arhitekturada kompozisiýa. Eksterýer dizaýny.
20-nji tema. Arhitektura gurşawynda graffiti kompozisiýasy.
Barlag işi. «Sport bäsleşikleri» temasynda diwary şekil – graffiti üçin kompozisiýa işlemek.
21-nji tema. «Arzuwymdaky şäher» temasynda binagärçilikli kompozisiýa işlemek.
22-nji tema. Fotografiýada kompozisiýa.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Şekillendiriş sungaty, 7 synp, Sulaýmanow A., Muhamedjanowa S., 2022 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-21 18:27:35