Özbegistanyň taryhy, 9 synp, Tillabaýew S., Zamonow A., 2019

Özbegistanyň taryhy, 9 synp, Tillabaýew S., Zamonow A., 2019.

Учебник по истории для 9 класса на туркменском языке.
 
   Eliňizdäki Ӧzbegistanyň taryhy dersligi XIX asyryň ikinji ýarymy we XX asyryň başlarynda bolup geçen wakalary ӧz içine alýar. Bu dӧwür Watanymyzyň taryhynyň iň agyr we çylşyrymly ýyllarydyr. Bu, bir tarapdan, Rus imperiýasynyň basybalyjylygy sebäpli agyr külpetler, ýitgiler alyp gelen bolsa, ikinjiden, ata-babalarymyz koloniýanyň jebir-sütemine garşy Watanyň azatlygy we garaşsyzlygy üçin gahrymanlarça gӧreşlerini dowam etdirdiler, üçünjiden, Watanyň gülläp ӧsmegi ugrunda jan aýamany zähmet çekip, ӧrän uly ruhy we maddy dӧredijilik işini amala aşyrdylar.

Özbegistanyň taryhy, 9 synp, Tillabaýew S., Zamonow A., 2019


XIX ASYRYŇ ORTALARYNDA ORTA AZIÝANYŇ ILATYNYŇ MEDENI DURMUŞY.
Hanlyklardaky ilatyň kӧpçüligi ӧzbek dilinde gepleşipdir. Bu dilde gaýduwsyz, gahryman we batyrlaryň mertligi, olaryň ýeňişleri we hakykat üçin gӧreşleri taryp edilýän halk dessanlary – giň ýaýrapdyr. XIX asyrda kyrka golaý dessan mälim bolup, «Alpamyş», «Gӧrogly», «Gündogmyş», «Şirin we Şeker» dessanlary olaryň iň meşhurlarydy.

Ilatyň ortasynda halk agzeki dӧredijiligi uly orun eýeläpdir. Olarda emeldarlaryň häsiýetleri, saraý işgärleriniň kemçilikleri we açgӧzligi gülki astyna alynýar. Käbir gorkak, nalajedeýin emeldar we baýlar garalanyp hem-de zähmetkeş halkyň gaýduwsyzlygy, mertligi wasp edilipdir. Dessanlarda kӧplenç ýagşylygyň ýamanlygyň üstünden ýeňiş gazanýanlygy gӧrkezilýär. Ӧzleri tema tapyp, olary ӧzleri ýerine ýetiren ýomakçylar we wäşiler hem ӧzbek edebiýaty hem-de folklorynyň ӧsmegine saldamly goşant goşdular. Her ýyl baharda şäher we obalaryň tӧweregindäki baglarda we seýilgählerde, gyrlarda halk seýilleri geçirilýärdi. Halk seýillerinde gӧçme sirk truppalary bazar meýdanlarynda ӧz tomaşalaryny gӧrkezip, ilaty hoşal edipdir. Pälwanlaryň ortasynda gӧreş ýaryşlary geçirilipdir.

MAZMUNY.
Giriş.
I BÖLÜM XIX ASYRYŇ ORTALARYNDA ÖZBEK HANLYKLARYNYŇ SYÝASY, YKDYSADY WE MEDENI DURMUŞY.
1-§. XIX asyryň ortalarynda Orta Aziýa döwletleriniň çägi we ilaty.
2-§. XIX asyryň ortalarynda özbek hanlyklarynyň administratiw dolandyryş ulgamy
3-§. XIX asyryň ortalarynda özbek hanlyklarynyň sosial-ykdysady durmuşy.
4–5-§§. XIX asyryň ortalarynda Orta Aziýa ilatynyň medeni durmuşy.
II BÖLÜM RUS IMPERIÝASYNYŇ ORTA AZIÝANY BASYP ALMAGY.
6-§. Rus imperiýasy tarapyndan Orta Aziýany basyp almak üçin basybalyjylykly hereketleriniň başlanmagy.
7-§. Daşkendiň basyp alynmagy.
8-§. Türküstan general-gubernatorlygynyň döredilmegi.
9-§. Buhara emirligine garşy harby hereketleriň başlanmagy.
10-§. Buhara emirliginiň üstünden Rus imperiýasynyň protektoratynyň ornaşdyrylmagy.
11-§. Hywa hanlygynyň üstünden Rus imperiýasynyň protektoratynyň ornaşdy-rylmagy.
12-§. Kokant hanlygynyň basyp alynmagy.
III BÖLÜM RUS IMPERIÝASYNYŇ TÜRKÜSTANDAKY KOLONIAL SYÝASATY.
13-§. Türküstan general-gubernatorlygynyň syýasy-administratiw dolandyryş ulgamy.
14-§. Türküstan ülkesinde Rus imperiýasynyň ýer-suw syýasaty.
15-§. Türküstanda sud ulgamy we harby polisiýa tertibiniň ornaşdyrylmagy.
16-§. XIX asyryň ikinji ýarymy – XX asyryň başlarynda Türküstanda sosialykdysady ýagdaý.
IV BÖLÜM XIX ASYRYŇ AHYRYNDA TÜRKÜSTANDAKY MILLI-AZATLYK HEREKETLERI.
17-§. Türküstanda milli-azatlyk hereketleriniň başlanmagy we onuň sebäpleri.
18-§. Daşkentde «Mergi gozgalaňy».
19-§. Andijan gozgalaňy.
20-§. Milli-azatlyk hereketleriniň ähmiýeti.
V BÖLÜM XIX ASYRYŇ IKINJI ÝARYMY – XX ASYRYŇ BAŞLARYNDA GARAGALPAKLAR.
21-§. XIX asyryň ikinji ýarymy – XX asyryň başlarynda garagalpaklaryň çäk taýdan ýerleşişi we sosial durmuşy.
22-§. Salgytlar we borçlar. Halk gozgalaňlary.
23-§. Garagalpaklar Türküstan general-gubernatorlygynyň düzüminde.
24-§. XIX asyryň ikinji ýarymy – XX asyryň başlarynda garagalpaklaryň medeniýeti.
VI BÖLÜM JEDITLER HEREKETI WE ONUŇ TÜRKÜSTANYŇ SOSIAL-SYÝASY WE MEDENI DURMUŞYNDAKY ÄHMIÝETI.
25-§. Jeditçilik hereketiniň emele gelmegi.
26-§. Jeditleriň maksatlary we wezipeleri.
27-§. Jeditçilik hereketiniň öňdebaryjylary we olaryň işi.
28-§. Jeditçilik hereketiniň Türküstanyň sosial-syýasy we medeni durmuşyna täsiri.
VII BÖLÜM TÜRKÜSTAN WE BIRINJI JAHAN URŞY.
29-§. Birinji jahan urşunyň başlanmagy we onuň Türküstana täsiri.
30-§. Türküstanda 1916-njy ýyldaky gozgalaňyň başlanmagy.
31-§. Jyzzak gozgalaňy.
32-§. Türküstanda 1916-njy ýyldaky wakalaryň netijeleri we ähmiýeti.
VIII BÖLÜM XIX ASYRYŇ AHYRY – XX ASYRYŇ BAŞLARYNDA BUHARA EMIRLIGI WE HYWA HANLYGY.
33-§. Buhara emirliginiň döwlet gurluşy we sosial-ykdysady durmuşy.
34-§. Ýaş buharalylaryň işi we Buhara emirliginiň ýatyrylmagy.
35–36-§§. XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlarynda Hywa hanlygynyň döwlet gurluşy we sosial-ykdysady ýagdaýy.
37-§. Hywa hanlygynyň ýatyrylmagy.
IX BÖLÜM KOLONIAL ŞERTDE TÜRKÜSTANDA MEDENI DURMUŞ.
38-§. Bilim ulgamy. Metbugat.
39-§. Türküstanda ylym-bilimiň ösmegi.
40-§. Teatr we saz sungaty.
41-§. Binagärçilik we şekillendiriş sungaty.
Netije.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Özbegistanyň taryhy, 9 synp, Tillabaýew S., Zamonow A., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-22 02:53:48