Geometriýa, 7 synp, A’zamow A., Haýdarow B., Sarikow E., 2017

Geometriýa, 7 synp, A’zamow A., Haýdarow B., Sarikow E., 2017.

Учебник по геометрии для 7 класса на туркменском языке.
 
Фрагмент из книги:
Geometriýa degişli başlangyç düşünjeler mundan 4–5 müň ýyl öň gadymky Müsürde peýda bolupdyr. Şol wagtlarda Nil derýasynyň suwy her ýyl daşyp, ekin meýdanlaryny ýuwup durupdyr. Şonuň üçin, ekin meýdanlaryny gaýtadan paýlamak we salgyt mukdaryny kesgitlemek üçin bu meýdanlarda belgileme we ölçeg işlerini ýerine ýetirmäge dogry gelipdir (1-nji surat). Gadymky grek alymlary ýer ölçemegiň usullaryny müsürlilerden öwrenip, ony geometriýa diýip atlandyrypdyrlar. “Geometriýa” grekçe söz bolup, “geo” – ýer, “metrio” – ölçemek diýen manyny aňladýan böleklerden düzülen.

Geometriýa, 7 synp, A’zamow A., Haýdarow B., Sarikow E., 2017


KESIMIŇ UZYNLYGY WE ONUŇ HÄSIÝETLERI.
Kesimleri şöhläniň üstüne goýmak arkaly deňeşdirmek onçakly amatly däldir. Adatda kesimleriň haýsysynyň uzyn ýa-da gysgadygyny (ýagny uly ýa-da kiçiligini) olaryň uzynlyklaryny deňeşdirmek bilen anyklanýar.

Haýsy-da bolsa bir kesimi birlik kesim diýip alyp, onuň uzynlygyny 1-e deň diýip kabul edýäris. Galan kesimleriň uzynlyklaryny şu birlik kesimiň uzynlygyna görä anyklaýarys. Kesimiň uzynlygy položitel san bolup, şu kesimde birlik kesim we onuň bölekleri näçe gezek ýerleşmeginiň mümkinligini görkezýär. 1-nji suratdaky CD kesimi birlik kesim we onuň uzynlygyny 1-e deň diýsek, onda AB kesimiň uzynlygy 3,5-e deň bolýar. Çünki, AB kesime CD kesim üç gezek bitinligine we ýene ýarysy ýerleşýär.

MAZMUNY.
I bap. Başlangyç geometrik maglumatlar. Planimetriýa.
1. Geometriýa ylmy we predmeti. Geometriýa ylmynyň wezipeleri.
2. Iň ýönekeý geometrik şekiller: nokat, göni çyzyk we tekizlik.
3. Kesim we şöhle.
4. Kesimleri deňeşdirmek.
5. Kesimiň uzynlygy we onuň häsiýetleri.
6. Kesimleri ölçemek.
7. Töwerek we tegelek.
8. Amaly sapak.
9. Bap boýunça gaýtalamak.
10. 1-nji barlag işi.
Amaly kompetensiýalary ösdüriji goşmaça materiallar.
II bap. Burç.
11. Burç. Burçlary deňeşdirmek.
12. Burçlary ölçemek. Transportir.
13. Burçuň görnüşleri: göni, ýiti we kütek burçlar. Bissektrisa.
14. Goňşy we wertikal burçlar hem-de olaryň häsiýetleri.
15. Geometriýany öwrenmekde pikirler yzygiderligi we baglylygy.
16. Perpendikulýar göni çyzyklar.
17. Tersini çak edip subut etmek usuly.
18. Amaly sapak.
19. Bap boýunça gaýtalamak.
20. 2-nji barlag işi.
Amaly kompetensiýalary ösdüriji goşmaça materiallar.
III bap. Köpburçluklar we üçburçluklar 21. Döwük çyzyk. Köpburçluk.
22. Üçburçluk. Üçburçluklaryň görnüşleri.
23. Üçburçlugyň möhüm elementleri: mediana, beýiklik we bissektrisa.
24. Üçburçluklaryň deňliginiň birinji (TBT – tarap-burç-tarap) nyşany.
25. Deňýanly üçburçlugyň häsiýetleri.
26. Üçburçluklaryň deňliginiň ikinji (BTB – burç-tarap-burç) nyşany.
27. Üçburçluklaryň deňliginiň üçünji (TTT – tarap-tarap-tarap) nyşany.
28. Kesimiň orta perpendikulýarynyň häsiýeti.
29. Amaly sapak.
30. Bap boýunça gaýtalamak.
31. 3-nji barlag işi.
Amaly kompetensiýalary ösdüriji goşmaça materiallar.
IV bap. Parallel göni çyzyklar.
32. Göni çyzyklaryň parallelligi.
33. Iki göni çyzyk we kesiji emele getiren burçlar.
34. Iki göni çyzygyň parallellik nyşanlary.
35. Iki göni çyzygyň parallellik nyşanlary (dowamy).
36. Ters teorema.
37. Iki parallel göni çyzyk we kesiji emele getiren burçlar.
38. Meseleler çözmek.
39. Bap boýunça gaýtalamak.
40. 4-nji barlag işi.
V bap. Üçburçlugyň taraplarynyň we burçlarynyň arasyndaky gatnaşyklar.
41. Üçburçlugyň içki burçlarynyň jemi baradaky teorema.
42. Üçburçlugyň daşky burçunyň häsiýeti.
43. Meseleler çözmek.
44. Gönüburçly üçburçlugyň häsiýetleri.
45. Gönüburçly üçburçluklaryň deňlik nyşanlary.
46. Meseleler çözmek.
47. Burçuň bissektrisasynyň häsiýeti.
48. Üçburçlugyň taraplarynyň we burçlarynyň arasyndaky gatnaşyklar.
49. Üçburçlugyň deňsizligi.
50. Bap boýunça gaýtalamak.
51. 5-nji barlag işi.
Amaly kompetensiýalary ösdüriji goşmaça materiallar.
VI bap. Gurmaga degişli meseleler.
52. Sirkulyň we çyzgyjyň kömeginde gurmaga degişli meseleler.
53. Gyzykly meseleler we tapmaçalar.
54. Berlen burça deň burçy gurmak.
55. Burçuň bissektrisasyny gurmak.
56. Berlen göni çyzyga perpendikulýar göni çyzyk gurmak. Kesimi deň ýarpa bölmek.
57. Üçburçlugy berlen üç tarapyna görä gurmak.
58. Meseleler çözmek.
59. Bap boýunça gaýtalamak.
60. 6-njy barlag işi.
Amaly kompetensiýalary ösdüriji goşmaça materiallar.
Matematiki meseleler hazynasy.
VII bap. Gaýtalamak.
61. Geometrik meseleleri çözmegiň basgançaklary.
62. Hasaplamaga degişli meseleler.
63. Subut etmäge degişli meseleler.
64-65. Gaýtalamaga degişli ýumuşlar we meseleler.
66-68. Jemleýji barlag işi we ýalňyşlar üstünde işlemek.
Jogaplar we görkezmeler.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Geometriýa, 7 synp, A’zamow A., Haýdarow B., Sarikow E., 2017 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-11-02 20:10:44