Geografiýa, 9 synp, Kaýumow A., Safarow I., 2019

Geografiýa, 9 synp, Kaýumow A., Safarow I., 2019.

Учебник по географии для 9 класса на туркменском языке.

   Siz aşaky synplarda «Fiziki geografiýanyň başlangyç kursy», «Materikleriň we okeanlaryň fiziki geografiýasy», «Orta Aziýanyň we Özbegistanyň fiziki geografiýasy» hemde «Özbegistanyň ykdysady we so-sial geografiýasy» kurslarynda geografiýa ylmyna degişli dürli maglumatlar bilen tanyşdyňyz. 9-njy synpda okadylýan «Dünýäniň ykdysady-sosial geografiýasy» kursy dünýäniň ykdysadyýetine, syýasatyna, ekologiýasyna, medeniýetine, mahlasy, durmuşyň ähli diýen ýaly taraplaryna mälim derejede baglanyşyklydyr. Bu predmet okuwçylara dünýä we onuň käbir böleklerine mahsus gaýtalanmaz geografik aýratynlyklary görkezip berýän, sosial-ykdysady ösüş prosesi we kanunalaýyklyklary barada jikme-jik maglumat bermegi bilen ähmiýetlidir.
Dersligiň esasy maksady - Size dünýä we onuň iri ýurtlarynyň ykdysady we sosial geografiýasyna degişli häzirki zaman bilim bermek, özbaşdak bilim almaga we ony amalyýetde ulanmagy öwretmekden ybaratdyr.

Geografiýa, 9 synp, Kaýumow A., Safarow I., 2019


Ýurtlaryň dolandyryş şekli we döwlet gurluşy.
Syýasy dolandyryşyň iki esasy - respublika we monarhiýa şekli tapawutlandyrylýar. Mälim bolşy ýaly, bu iki dolandyryş şekli, ilkinji nobatda, ýokary döwlet häkimiýetini şekillendirmek we geçirmek usullary bilen tapawutlanýar.

Respublika şekli Gadymky Rim döwründen mälim bolsa-da, onuň giň ýaýramagy XX asyryň ikinji ýarymyna dogry gelýär. 2018-nji ýyl ýagdaýyna görä, dünýäniň syýasy kartasynda 150 sany respublika döwletleri bar. Respublikalar esasan 3 görnüşe bölünýär: prezidentlik, parlamentar hem-de gatyşyk. Prezidentlik respublikalarynda häkimiýetiň esasy ygtyýarlyklary prezidente degişli bolup, hökümet (Ministrler Kabineti) düzümi döwlet ýolbaşçysy tarapyndan şekillendirilýär. Käbir döwletlerde prezident bir wagtyň özünde döwlet we hökümet ýolbaşçysy wezipelerini eýeleýär. Prezidentlik respublikalaryna ABŞ, Meksika, Braziliýa, Argentina, Indoneziýa, Owganystan, Belarus, Gazagystan, Özbegistan ýaly ýurtlar mysal bolup biler. Prezidentlik respublika şekli iň köp Afrika we Amerika kontinentlerinde ýaýran.

MAZMUNY.
GIRIŞ.
I Bölüm. DÜNÝÄNIŇ UMUMY HÄSIÝETNAMASY.
1-NJI BAP. DÜNÝÄNIŇ SYÝASY KARTASY.
1-§. Dünýäniň syýasy kartasy.
2-§. Dünýä ýurtlarynyň sosial-ykdysady ösenligi boýunça klassifikasiýasy.
3-§. Ýurtlaryň dolandyryş şekli we döwlet gurluşy.
2-NJI BAP. DÜNÝÄNIŇ TEBIGY RESURSLARY.
4-§. Dünýäniň tebigy resurslary.
5-§. Mineral resurslaryň geografiýasy.
6-§. Tükenmeýän we dikeldilýän tebigy resurslaryň geografiýasy.
7-§. Häzirki zaman ekologik meseleler.
3-NJI BAP. DÜNÝÄNIŇ ILATY.
8-§. Dünýä ilatynyň sany, ösüşi we ýerleşişi.
9-§. Dünýä ilatynyň jynsy, ýaş düzümi.
10-§. Dünýä ilatynyň etnik we dini düzümi.
11-§. Dünýä ýurtlarynyň urbanizasiýasy.
12-§. Amaly sapak.
4-NJI ВАР. DUNYA HOJALYGY.
13-§. Dünýä hojalygy we halkara zähmet bölünişigi.
14-§. Dünýä ykdysadyýeti merkezleri we halkara integrasiýa prosesleri.
15-§. Ylmy-tehniki öwrülişik we önümçiligiň ösüşine innowasion tehnologiýalaryň täsiri.
16-§. Dünýä energetikasy geografiýasy.
17-§. Dünýä metallurgiýa we himiýa senagatynyň geografiýasy.
18-§. Dünýä maşyngurluşyk we ýeňil senagatynyň geografiýasy.
19-§. Dünýä ekerançylygy geografiýasy.
20-§. Dünýä maldarçylygy we balykçylygy geografiýasy.
21-§. Dünýä transporty geografiýasy.
22-§. Halkara ykdysady aragatnaşyklar geografiýasy.
II Bölüm. DÜNÝÄNIŇ REGIONAL HÄSIÝETNAMASY.
5-NJI BAP. ÝEWROPA ÝURTLARY.
23-§. Ýewropanyň geografik ýerleşişi, araçäkleri we syýasy kartasy.
24-§. Ýewropanyň tebigy şerti we resurslary, ilaty.
25-§. Ýewropa ýurtlarynyň ykdysadyýeti.
26-§. Germaniýa Federatiw Respublikasy.
27-§. Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Korollygy.
28-§. Fransiýa Respublikasy.
29-§. Italiýa Respublikasy.
30-§. Russiýa Federasiýasy.
31-§. Russiýa Federasiýasynyň hojalygy.
6-NJI BAP. AZIÝA ÝURTLARY.
32-§. Aziýa kontinentiniň geografik ýerleşişi, araçäkleri we syýasy kartasy.
33-§. Aziýa ýurtlarynyň tebigy resurslary we ilaty.
34-§. Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösenligi.
35-§. Gazagystan Respublikasy.
36-§. Gyryzystan Respublikasy.
37-§. Türkmenistan Respublikasy.
38-§. Täjigistan Respublikasy.
39-§. Amaly sapak (Merkezi Aziýa döwletlerine deňeşdirme geografik häsiýetnama).
40-§. Türkiýe Respublikasy.
41-§. Eýran, Owganystan, Pakistan Yslam Respublikalary.
42-§. Hytaý Halk Respublikasy.
43-§. Hytaý ykdysadyýeti we ykdysady raýonlary.
44-§. Koreýa Respublikasy.
45-§. Ýaponiýa.
46-§. Hindistan Respublikasy.
47-§. Pars aýlagynyň arap döwletleri.
48-§. Indoneziýa, Malaýziýa, Singapur döwletleri.
7-NJI ВАР. AFRIKA, AWSTRALIÝA WE OKEANIÝA, AMERIKA ÝURTLARY.
49-§. Afrikanyň geografik ýerleşişi we syýasy kartasy.
50-§. Afrika ýurtlarynyň ilaty we hojalygy.
51-§. Günorta Afrika Respublikasy.
52-§. Nigeriýa Federatiw Respublikasy.
53-§. Müsür Arap Respublikasy.
54-§. Awstraliýa Soýuzy.
55-§. Amerikanyň syýasy kartasy.
56-§. Amerikanyň Birleşen Ştatlary.
57-§. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hojalygy we ykdysady raýonlary.
58-§. Kanada.
59-§. Braziliýa.
60-§. Jemleýji gaýtalamak.
GOŞMAÇA.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Geografiýa, 9 synp, Kaýumow A., Safarow I., 2019 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-22 11:19:33