Razakowa

Edebiýat, 10 синф, Mugallymlar üçin metodik gollanma, Razakowa K.B., 2022

Edebiýat, 10 синф, Mugallymlar üçin metodik gollanma, Razakowa K.B., 2022.

Учебник по литературе для 10 класса на туркменском языке.

   Çeper edebiýat söz sungatydyr. Ýazyjy dil arkaly tebigatyň görnüşlerini, ýaşaýşy şekillendirýär, adamlar hem olaryň häsiýetlerini, özara gatnaşyklaryny beýan edýär. Ýazyjy durmuşy hem adamlary şekillendirmek bilen suratlandyrýan jemgyýetçilik gurluşy baradaky duýgy-düşünjesini, pikirlerini olara bolan garaýyşlaryny görkezmäge çalyşýar. Şoňa görä-de çeper edebiýat bizi durmuş bilen, adamlar bilen diňe bir tanyş etmän, ol biziň duýgy-düşünjämizi ösdürýär, hem bu barada öz oý-pikirlerimizi aýtmaga kömek edýär. Sungatyň beýleki görnüşleri ýaly, çeper edebiýat hem belli bir maksady, pikiri öňe sürýär.

Edebiýat, 10 синф, Mugallymlar üçin metodik gollanma, Razakowa K.B., 2022
Скачать и читать Edebiýat, 10 синф, Mugallymlar üçin metodik gollanma, Razakowa K.B., 2022
 

Edebiýat, 5 synp, Razakowa К., Welbegow G., 2020

Edebiýat, 5 synp, Razakowa К., Welbegow G., 2020.

Учебник по литературе для 5 класса на туркменском языке.

   Meniň ilki mekdebim diwaryndan gum dökülip duran ýerdöl-di. Biz çöke düşüp, ýapyrylyp okaýardyk. Türkmen dilinde kitap çap edilmeýärdi. Neşirýat bolmasada, meşhur şahyrlaryň ga-natly sözleri ölmeýärdi. Olar halkyň dilinde ýaşaýardy.
Men Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň goşgularyny öz golum bilen göçürip aldym. Olary irginsiz okadym, ýatdan öwrendim. Edebiýata bolan höwes mende durdugyça ösýärdi.
Biziň halkymyzyň medeniýetiniň gülläp ösýän derejesi-de köp babatda çeper edebiýata bagly. Kitabyň her setiri tamdyranyň tary, her sözi onuň perdesi ýaly hiňlenip, okyjynyň pikirine pikir goşýar, duýgusyny oýarýar.
Ýazyjy kitabyň üsti bilen özüniň ömür tejribesini, düşünjesini, pikir-duýgusyny hödürleýär. Ol okyja ýüzlenýär: «Gadyrly dost, men şu kitaby seniň üçin ýazdym. Durmuş göreşden ybarat bolany üçin, adam dürli ýagdaýlara düşýär. Durmuşda gör nähili zatlar bar. Al. Oka. Seniň öz durmuşyňda, gyzykly işiňde... saňa kömek eder».
Kitap adamyň iň ynamdar ýoldaşy, iň gadyrly dostudyr. Şonuň üçin, gadyrly dost, edebiýata aýratyn üns ber, ony jandilden söýmek zerur.

Edebiýat, 5 synp, Razakowa К., Welbegow G., 2020
Скачать и читать Edebiýat, 5 synp, Razakowa К., Welbegow G., 2020
 

Edebiýt, 10 synp, Razakowa К., 2017

Edebiýt, 10 synp, Razakowa К., 2017.

Учебник по литературе для 10 класса на туркменском языке.

   Döwletimiz Özbegistanda şu wagta çenli okuw terbiýeçilik işleri türkmen dilinde alnyp barylýan mekdeplerde, degişli okuw maksatnamalary we okuw kitaplary bolsa-da, döwletimiz garaşsyzlygyny alandan soňra okuw kitaplary döwür talabyna laýyk ýazylyp başlandy.
Bu döwletimiziň we Prezidentimiziň Özbegistanda ýaşaýan beýleki halklaryň dilininiň, medenýetiniň ösmegi üçin edýän atalyk aladalarynyň biridir.
Şu pikirden ugur alyp, Özbegistan Halk Bilimi ministrligi Prezidentimiziň we Döwletimiziň alyp barýan adalatly syýasatynyň netijesinde şu wagta çenli türkmen dilinde birnäçe okuw kitaplaryny okuwçylara ýetirildi. Bu kitap hem şol kitaplaryň biri bolup, X synp okuwçylary üçin edebiýatdan okuw - hrestomatiýa kitabydyr.

Edebiýt, 10 synp, Razakowa К., 2017
Скачать и читать Edebiýt, 10 synp, Razakowa К., 2017