Учебник по химии для 7 класса на туркменском языке.
Bu Şu okuw ýylyndan sen tebigy ylymlardan biri bolan himiýa ylmyny öwrenmäge başlarsyň. Himiýa gyzykly, täsinliklere baý ylymdyr. Bu ylmyň syrlaryny öwrenmekde saňa üstünlikler arzuw edýäris. Sen özüň Abu Ali ibn Sina, Abu Reýhan Biruny, Mürze Ulugbek, Zahiriddin Muhammet Babyr ýaly beýik alymlaryň neslidigiňi unutma.
Ene-ataň, halypalaryň, Watanyň Özbegistan seniň hakyky ynsan, ökde hünärmen, dörediji bolup ýetişmegiňi, il-ýurduň öňünde abraýly-hormatly adam bolmagyňy isleýär. Ýadyňda sakla! Ylym dünýäsinde heniz açylmadyk zatlar köp. Olary zabt etmek seniň paýyňa düşýär.








