Учебник по информатике для 10 класса на туркменском языке.
Derslikde Siziň aşaky synplarda öwrenen Microsoft Offiee Excel elektron tablisada işlemegi dowam etdirip, MS Excel 2010-da amallary we formulalary, funksiýalar kitaphanasy bilen işlemekligi hem-de logiki we matematiki funksiýalardan peýdalanyp, amallary ýerine ýetirmegi öwrenersiňiz. Dersligiň ikinji babynda MS Aeeess 2010 maglumatlar bazasy hakynda düşünje berilip, onuň dolandyryş sistemasy, şol sanda, maglumatlar bazasyny düzmek, maglumatlar bazasynda tablisalary özara baglanyşdyrmak, belli bir şablon boýunça maglumatlary gözlemek we olary gaýta işlemek usullary bilen tanyşarsyňyz. Dersligiň üçünji babynda Delphi programmirleme sredasynda programmalary döretmegiň esaslary bilen tanyşarsyňyz. Hususan, programma aýnasyny emele getirmek, oňa bar bolan dolandyryş obýektlerini ýerleşdirmek we interaktiw programmalary döretmekligi özleşdirersiňiz. Bir söz bilen aýdanda, derslikdäki bilimleri özleşdirip, siz yzygiderli gömüşde özüňizi ruhy we intellektual taýdan ösdürýärsiňiz, kämillige ymtylmaklyk, kognitiwlik ukyplaryňyzy özbaşdaklykda hemişe artdyryp barýarsyňyz we özüňiziň hereketiňizi bahalamak mümkinçiligine eýe bolýarsyňyz, diýen umytda galýarys.








