Учебник по туркменскому языку для 3 класса на туркменском языке.
Фрагмент из книги:
Daşkentdäki Garaşsyzlyk meýdany Özbegistanda esasy meýdan hasaplanýar. Onuň meýdany 12 gektara deň. Bu meýdan 16 sany mermer sütünden ybarat bоlan arka bilen başlanýar. Arkanyň uzynlygy 150 metr, beýikligi 12 metr. Оnuň ýokarsynda hоşniýetliligiň, parahatçylygyň we agzybirligiň simwоly bоlan 4 sany leglekli kоmpоzisiýa ýerleşdirilen. Meýdanda köp sanly çüwdürimler, güller we baglar bar. Garaşsyzlyk meýdanynda hemişe dürli güller açylyp, çar tarapa ýakymly ysy ýaýrap durýar. Arkasyndan garaşsyz monumentine barylýan ýola «Ak ýol» diýilýär.
WATAN NÄME?
Her bir adamyň Watany bolýar. Adam nirede doglan bolsa şol ýurt onuň Watany diýilýär. Esasan hem, çagalygyň we ýaşlygyň geçen ýerler göwnüňe ýakyn bolýar. Adamy bu ýerler bilen iň mähirli we ýyly duýgular baglaýar.
Watan bu diňe bir doglan ýeriň däl. Watan – bu mähriban obaň, maşgalaň, garyndaşlaryň, dostlaryň we tebigatdyr. Dünýäde sen doglan we ýaşlygyň geçen ýerden mähriban ýer ýok. Kimdir Fransiýada, kimdir Ispaniýada doglan. Sen bolsa Özbegistanda doglan. Bu seniň Watanyň. Watan – bu biziň buýsanjymyz.
MAZMUNY.
I BAP. MEN, SEN, OL WE OLAR.
Garaşsyzlyk meýdany.
Watan näme?.
Salam mekdep.
Täsin çagalar.
Güýz gelende.
Jemgyýetçilik transporty.
Metro.
Oglanlar we kitap.
II BAP. TEBIGAT NYGMATLARY.
Ӧzbegistanyň ӧzboluşly tebigaty.
Sahy güýz.
Asmanyň ýere myhman bolşy.
Antarktida – buzly diýar.
Antarktidanyň ӧzleşdirilmegi.
Kapitan.
Dünýä ummanlary.
Näme üçin deňiz buz bilen örtülen.
Bereket derýasy.
Öwser Jeýhun şemallary.
Hakyky ýoldaş.
Hasyl baýramy.
III BAP. SAGDYN TENDE –SAGDYN AKYL.
Saglygyň girewi.
Serdaryň ýalňyşy.
Witaminler.
Peýdaly gӧk ӧnümler.
Ӧsümlikleriň jedeli.
Iki dogan.
Gyzyl kitap.
Ene leglegiň aladasy.
Wirus näme?.
Gripp, alamatlary we onuň ӧňüni almak.
Ӧzbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy.
IV BAP. KÄRIM – BUÝSANJYM.
Ýaltalyk – ýaman endik.
Sen ataňa kӧmek berýärmiň?.
Ýagşy näme, ýaman näme?.
Tagzym.
Haýp.
Mellek.
Mekgejӧwen.
Bugdaý.
V BAP. ÝAŞ YKDYSATÇY.
Kommunal hyzmatlar.
Meniň gapjyk tapyşym.
Gyşda.
Ýedi hazyna.
Obada gyş işleri.
Balary.
Ýüpek.
Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Ene dili we okuw sowatlylygy, 3 synp, 1 bölek, Abdullaýewa Ş., Abdullaýewa G., Welbegow G., 2022 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.
Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу
Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:
Теги: учебник на туркменском языке :: туркменский язык :: Abdullaýewa :: Welbegow :: 3 класс
Смотрите также учебники, книги и учебные материалы:
Предыдущие статьи:
- Ene dili we okuw sowatlylygy, 2 synp, 2 bölek, Hallyýew К., Metýakubow J., 2021
- Terbiýe, 10 synp, Ismatowa N., Zamonow Z., Islamow Z., 2021
- Terbiýe, 11 synp, Kenjaýew D., Ismatowa N., Islamow Z., 2021
- Ene dili we okuw sowatlylygy, 2 synp, 1 Bölek, Abdullayewa Ș., Abdullayewa G., Welbegow G., 2021