Pars diliniň gepleşik kadalary, Ikinji kitap, Çangliýew G., 2023

Pars diliniň gepleşik kadalary, Ikinji kitap, Çangliýew G., 2023.

   Eliňizdäki gollanma »Pars diliniň gepleşik kadalary« atly kitabyň dowamy bolup, bu kitapda pars gepleşik diline mahsus bolan aýratynlyklar we özboluşlylyklar, gepleşik diliniň kadalary, mysallary we türkmen dilindäki terjimeleri berildi. Kitap 2 bölümi öz içine alýar. Birinji bölüm 10 sapakdan ybarat bolup, olarda janly gepleşik diliniň kadalary mysallar arkaly düşündirilýär. Sapaklaryň käbirinde çykgytlar arkaly eliňizdäki kitabyň birinjisine salgylanylýar. Munuň esasy maksady bolsa, janly gepleşikde aýdylyşy ýaly görnüşde ýazylan pars sözleriniň haýsy gepleşik kadalaryna laýyklykda üýtgändigini düşündirmekdir. Kitabyň ikinji bölümi »Tähranlylaryň syrly diliniň sözlügi« diýlip atlandyrylýar.
Bu kitap pars diliniň başlangyç döwürlerinden geçip, gepleşik dilinde erkin we dürs geplemeklige höwes bildirýänler üçin gollanma hökmünde hyzmat edip biler.

Pars diliniň gepleşik kadalary, Ikinji kitap, Çangliýew G., 2023


Adam atlarynyň gysgaldylyşy we üýtgedilişi.
Gepleşik dili öz erkinligi, sözleýşiň taýýarlyksyz amala aşmagy, gepleşýänleriň arasyndaky gatnaşygyň ýakynlygy bilen kitap dilinden tapawutlanýar. Sözleriň aýdylyşyndaky dürli görnüşdäki gysgaltmalar, sözlem agzalarynyň grammatik taýdan normalaşan tertibiniň bozulmagy, üm-yşaratlaryň ulanylmagy, şonuň netijesinde-de harplaryň, sözleriň taşlanmagy gepleşik dili üçin adaty zatlardyr. Islendik dilde bolşy ýaly, pars dilinde hem janly gepleşikde adam atlarynyň üýtgedilip ýa-da gysgaldylyp aýdylmagyna duş gelmek bolýar.

MAZMUNY.
Awtordan.
Harplaryň aýdylyşy.
BIRINJI BÖLÜM.
1-nji sapak. Adam atlarynyň gysgaldylyşy we üýtgedilişi.
2-nji sapak. »Ezafetiň« we « و – vav» baglaýjysynyň düşürilmegi.
3-nji sapak. Hal we sypat ýasaýjy “ اکی – äki” goşulmasynyň ulanylmagy.
4-nji sapak. Nakyllaryň, durnukly söz düzümleriniň we işliksiz sözlemleriň ulanylmagy.
5-nji sapak. “Bir goşulmaly” işlikleriň ( افعال یک شناسه ), sözleriňgysgaldylan formasynyň we ümlükleriň ulanylmagy.
6-njy sapak. Işligiň buýruk we geljek zaman formalarynyň ýerine häzirki zaman formasynyň ulanylmagy.
7-nji sapak. Kitap we gepleşik dilleriniň arasynda bolup geçýän fonetik özgerişler.
8-nji sapak. Sözlemiň ahyrynda “ ها – ha” ownuk böleginiň getirilmegi / آ“ – alef” harpynyň gepleşikdäki aýratynlyklary.
9-njy sapak. Käbir sözleriň goşalandyrylyp aýdylmagy / Käbir sözleriň asyl manyda däl-de, göçme manyda ulanylmagy.
10-njy sapak. Käbir işlikleriň ýokluk we buýruk formasynyň gysgaldylmagy / Käbir sözlerde käbir harplaryň düşürilmegi.
IKINJI BÖLÜM.
Tähranlylaryň syrly diliniň sözlügi.
Edebiýat.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Pars diliniň gepleşik kadalary, Ikinji kitap, Çangliýew G., 2023 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: ::


Следующие учебники и книги:
Предыдущие статьи:


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-22 11:14:59