Geografiýa, 5 synp, Gulamow P., Kurbanniýazow R., 2015

Geografiýa, 5 synp, Gulamow P., Kurbanniýazow R., 2015.

Учебник по географии для 5 класса на туркменском языке.

   Siz şu ýyldan başlap täze — “Geografiýa” ylmyny öwrenersiňiz. Biziň beýik atababalarymyz geografiýany gowy bilipdirler, şonuň üçin hem şu ylym barada gymmatly we gyzykly maglumatlary ýazyp galdyrypdyrlar. Geografiýany gowy öwrenmek üçin Sizde şu derslikden daşary, "Fiziki geografiýanyň başlangyç kursy" atlasy, sudury karta hem-de gözenek çyzykly depder bolmaly. Şeýle hem, reňkli galamlar, çyzgyç, bozguç, sirkul we käbir ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin bolsa kompas we globus hem gerek bolýar.

Geografiýa, 5 synp, Gulamow P., Kurbanniýazow R., 2015


Gün, Aý we ýyldyzlar.
Gün — Ýere iň ýakyn bolan gyzgyn ýyldyz — ýalynly şardyr. Ol Gün sistemasynyň ortasynda ýerleşýär. Gün — Ýerdäki ýagtylygyň we ýylylygyň çeşmesidir. Onuň töwereginde 8 sany planeta aýlanýar. Olar — Merkuriý, Wenera, Ýer, Mars, Ýupiter, Saturn, Uran, Neptun planetalarydyr (6-njy surat). Olaryň ýyldyzlardan tapawudy, şöhle saçmaýanlygydyr. Diňe günden düşýän şöhläni serpikdirýär. Alymlar çylşyrymly gurallaryň, her hili teleskoplaryň kömeginde planetalary we olaryň hemralarynyň esasan birmeňzeş maddalardan düzülendigini anykladylar. Olar hem Ýerde duşýan maddalardan düzülen eken. Planetalaryň ýyldyzlardan ýene bir tapawudy bar, ýagny olar kosmosdaky öz orunlaryny üýtgedip durýarlar.

Aý — Ýeriň tebigy hemrasy. Aý özünden şöhle saçmaýar, Günden gelen şöhläni serpikdirýär. Aý Ýeriň töweregini bir aýda bir gezek diýen ýaly aýlanyp çykýar. Ýer, Gün we Aýyň asmanda bir-birine görä ýerleşişine seredip ol bize her hili görünýär. Bize Aýyň diňe Gün şöhlesi bilen ýagtylandyrylan bölegi görünýär. Eger üns bilen seretseňiz täze Aý, orak şeklinde bolýar. Indi ýatda saklaň: täze Aý agşamara Gün batanda günbatar tarapda görünýär, köne, tamamlanýan Aý bolsa ir säherde Gün çykmazyndan öň gündogar tarapda görünýär (7-nji surat). Eger Aý tegelek şekilde bolsa, doly Aý diýilýär. Aýyň 14—15-nji günleri doly Aý bolýar. Aýyň tutulmagy doly Aý günlerine gabat gelýär. Aý, Ýer, Gün asmanda bir çyzyga dogry gelende Aý tutulýar.

MAZMUNY.
Derslikden nähili peýdalanmaly?.
Giriş.
1-§. Geografiýa nämäni öwrenýär?.
Ýeri nähili göz öwrenilipdir?.
2-§. Gadym zamanda adamlar Ýeri nähili göz öňüne getiripdirler?.
3-§. Ýer ýüzüniň açyş edilmegi we öwrenilişi.
Ýer — G ün sistemasyndaky planeta.
4-§. Gün, Aý we ýyldyzlar.
5-§. Ýeriň öz okunyň daşynda aýlanmagy we ululygy.
6-§. Ýeriň Günüň daşynda aýlanmagy.
Ýeriň plany we geografiýa kartalary.
7-§. Azimut we aralygy ölçemek.
8-§. Masştab.
9-§. Ýeriň planyny düzmek.
10-§. Ýeriň planyndan peýdalanmak.
11-§. Geografiýa kartasy.
12-§. Amaly iş. Ýeriň plany we geografiýa kartalary.
Ýeriň daş gabygy — litosfera.
13-§. Ýeriň gabykly düzülenligi.
14-§. Litosfera.
15-§. Ýer gabygynyň hereketleri.
16-§. Ýer üsti relýefiň esasy görnüşleri.
17-§. Ýeriň daş gabygynyň baýlyklary.
Ýeriň suw gabygy — gidrosfera.
18-§. Gidrosferanyň düzüm bölekleri.
19-§. Dünýä okeany.
20-§. Okean suwunyň aýratynlyklary.
21-§. Ýerasty suwlary.
22-§. Derýalar.
23-§. Köller we buzluklar.
Ýeriň howa gabygy — atmosfera.
24-§. Atmosferanyň gurluşy.
25-§. Howanyň temperaturasy we basyşy.
26-§. Ýeller we howa massalary.
27-§. Howanyň çylylygy we ygallar.
28-§. Howa ýagdaýy we klimat.
29-§. Amaly iş. Ýeriň howa gabygy.
Biosfera — ýaşaýyş gabygy.
30-§. Ýer gabyklarynyň özara täsiri.
31-§. Organizmleriň Ýeriň gabyklaryna täsiri.
Tebigy kompleksler.
32-§. Geografik gabyk we tebigy kompleksler.
33-§. Geografik guşaklyklar we tebigy zonalar.
34-§. Biziň ýaşaýan ýerimiz.
Terminleriň we düşünjeleriň düşündirişli sözlügi.



Бесплатно скачать электронную книгу в удобном формате, смотреть и читать:
Скачать книгу Geografiýa, 5 synp, Gulamow P., Kurbanniýazow R., 2015 - fileskachat.com, быстрое и бесплатное скачивание.

Скачать pdf
Ниже можно купить эту книгу по лучшей цене со скидкой с доставкой по всей России.Купить эту книгу



Скачать - pdf - Яндекс.Диск.
Дата публикации:





Теги: :: :: :: ::


 


 

Книги, учебники, обучение по разделам




Не нашёл? Найди:





2024-12-22 10:49:22