Eliňizdäki gollanma »Pars diliniň gepleşik kadalary« atly birinji we ikinji kitaplaryň dowamy bolup, bu kitapda pars gepleşik diline mahsus bolan aýratynlyklar we özboluşlylyklar, gepleşik diliniň kadalary, mysallary we türkmen dilindäki terjimeleri berildi. Kitap 2 bölümi öz içine alýar. Birinji bölüm 5 sapakdan ybarat bolup, olarda janly gepleşik diliniň kadalary mysallar arkaly düşündirilýär. Sapaklaryň käbirinde çykgytlar arkaly eliňizdäki kitabyň birinjisine salgylanylýar. Munuň esasy maksady, janly gepleşikde aýdylyşy ýaly görnüşde ýazylan pars sözleriniň haýsy gepleşik kadalaryna laýyklykda üýtgändigini düşündirmekdir. Kitabyň ikinji bölümi «Pars gepleşik diliniň sözlügi» diýlip atlandyrylýar.








