Книги по истории для 10 класса на туркменском языке.
Angliýadaky senagat rewolýusiýasy, başga Ýewropa we Demirgazyk Amerika ýurtlaryndaky senagat önümçiliginiň ösmegine Aziýa we Afrika halklarynyň durmuşynda hem möhüm ösgerişlere getirdi. Koloniýa we tabyn ýurtlar senagat önümleriniň bazaryna we çig mal bazasyna öwrülýär. Ýewropa ýurtlary Türkiýe, Eýran we Hytaý ýaly resmi taýdan garaşsyz döwletleriň ösüşine-de güýçli täsir etdi. XIX asyryň ahyrlarynda başlanan taryhy döwür ylymda imperializm adyny aldy. XX asyryň başyna gelip Afrika kontinentiniň 90 göterim çägi öňdebaryjy Ýewropa döwletleriniň koloniýalaryna öwrülipdi. Emma koloniýalar üçin göreş dowam etdi, ýaraglanyşyk haýdadyldy. Bu wakalar gutulgysyz ýagdaýda 1914–1918-nji ýyllardaky birinji jahan urşuna getirdi. Uruş adamzat taryhyndaky beýik geografik açyşlardan başlanan täze döwrüň jemini jemledi.
