Учебник по химии для 8 класса на туркменском языке.
Ylym we tehnika çalt ösýän bu günki günde himiýa ylmynyň syrlaryny ylmy esasda öwrenmek diňe bir himiýa däl, eýsem biologiýa, fizika, matematika, geografiýa, geologiýa, astronomiýa ýaly ylymlary öwrenmekde-de möhüm ähmiýete eýedir. Täze tehnologik proseslere degişli bilimleri eýelemek hem himiki bilimlere esas bolup hyzmat etjegi şübhesiz. “Zaman çaltlyk bilen ösüp barýan häzirki döwürde kim utýar? Täze pikire, täze taglyma, innowasiýa daýanan döwlet utýar”1.
Döwlet tälim standartlarynda 8-nji synpda himiýa predmetini okatmakda öwrenilmegi göz öňüne tutulan Periodik kanun, himiki elementleriň periodik sistemasy, himiki baglanyşyklaryň görnüşleri, azot, kükürt, galogenler gruppalarynda ýerleşýän elementler hem-de mineral dökünler ýaly temalar yzygiderligi häzirki zaman ylmy düşünjeler esasynda gyzykly usullarda açyp görkezilen.
