Учебник по изобразительному искусству для 7 класса на туркменском языке.
Eziz okuwçylar! Siz şekillendiriş sungaty esaslaryndan sapak alyp, onuň görnüşleri we žanrlary, görnükli suratçylar we amaly sungat ussalary, heýkeltaraşlar hem-de olaryň eserleri barada bilimlere eýe bolduňyz, şekillendiriş sungatynyň käbir görnüşi ýa-da žanrynda özbaşdak döredijilikli işi ýerine ýetirmek boýunça öz zehiniňizi görkezmegi öwrenip bardyňyz. Bu okuw ýylynda şekillendiriş sungaty sapaklary tamamlanýar. Şonuň üçin hem mugallymyňyzdan“Şekillendirişsungaty”okuwpredmetiboýunçaköpräkbilimleri özleşdirmäge çalşyň. Aýratynam, şekillendiriş sungatynyň çylşyrymly temalary - sungatda akymlar weýönelişler, simwoliklik kanunalaýyklyklary, gadymy kitap sungatyna degişli bilimleri düşbülik bilen eýelemegiňiz talap edilýär. Sebäbi, siz häzir, öz zehniňiz, çeper-estetik ussatlygyňyz, şekillendiriş sungatyna degişli bilimleriňiz bilen mugallymyňyzy, ýaşytdaşlaryňyzy, ata-eneňizi hoşal etmegi başaraýjak ýaşdasyňyz.
