Книги по географии для 7 класса на туркменском языке.
Gadyrly okuwçylar! Siz bu ýyldan başlap täze sapak — Geografiýany öwrenmegi başlaýarsyňyz. Bu sapak siziň — Ýer tebigaty hakyndaky bilimleriňizi ýene-de berkidýär. Bu sizi Ýerýüzünde ulysuw we gury ýerler— materiklerwe ummanlar, olaryň bölekleriniň tebigaty, olarda bolup geçýän üýtgeşikler bilen tanyşdyrýar. Bu kitaby okamak arkaly siz materikler we ummanlary öwrenen syýahatçylaryň işleri, dürli materikleriň klimaty, suwlary, tebigat zolaklary, ummanlar we olaryň uly bölekleri — deňizler, aýlaglar we bogazlar tebigaty bilen ýakyndan tanşarsyňyz. Olary bilmek, seljermegi başarmak bolsa ýurdumyz tebigatynda gözegçilik edilýän üýtgeşikleri düşünmegiňizde, olary seljermek arkaly geljekde Ýer ýüzi we döwletimiz tebigatynda bolup geçmegi mümkin bolan ekologik we geologik meseleleriň öňüni almaga taýýarlyk görmekde size ýolbaşçy bolar.
