Ruhyýet esaslary, 10-11 synp, Koçkarow W., Mahmudow O., Zamonow Z., 2017.
Учебник по основам духовности для 10-11 класса на туркменском языке.
Bu okuw kitabynda okuwçy ýaşlaryň kalbynda milli aňyýet we sagdyn dünýägaraýyş esaslaryny siňdirmek, olary ruhy hüjümlere garşy pugta durup bilmegi başarýan gaýratly, janköýer, watansöýüji ynsanlar edip terbiýelemek maksadynda ruhyýetiň asyl mazmunyna ýetip barmaga hereket edildi. Her bir temanyň başynda ugrukdyryjy soraglar we ýumuşlar berildi. Köp ýagdaýlar we mysallar siziň we deň-duşlaryňyzyň durmuşyndan alyndy. Olar siziň aşaky synplarda alan bilimleriňizi ýadyňyza salmakda özboluşly synag wezipesini ýerine ýetirýär.
Mundan başga, her bir temanyň soňunda «Dersiň netijesi» we «Degişmetapmaça» berlen. Olary üns berip okaň, degişme-tapmaçalaryň" jogabyny maşgala agzalaryňyz bilen ara alyp maslahatlaşyň. Olar dünýägaraýşyňyzyň, pikirlenmäňiziň ýene-de giňelmegine kömek eder, diýip ynanýarys.
Eziz okuwçy! Awtorlar «Ruhyýet esaslary» ylmyny pugta we çuň özleşdirmekde size üstünlik arzuw edýär.