Dünýä taryhy, 9 synp, Lafasow M., 2019.
Учебник по истории для 9 класса на туркменском языке.
Siz garaşsyz Özbegistanyň perzentlerisiňiz. Dünýä taryhyny öwrenende döwletimiziň ýolbaşçysy Şawkat Mirziýoýewiň „... dünýäde, daş töweregimizde jemgyýetimizdäki durnukly ýagdaýy hatardan çykarmak, adamlaryň arasyna agzalalyk döretmek, duşmanlyk tohumyny sepmek, dürli dawalary getirip çykarmak we hatda gan dökülmegini isleýän güýçler hem, gynansak-da, ýok däl“, diýen sözlerini ýatda saklamalysyňyz we onuň kökleri XIX asyryň ahyry – XX asyryň başlaryna baryp direlýändigini bilmelisiňiz.
Siz umumy orta bilim berýän mekdebiň 9-njy synpyna ädim goýduňyz. Siz 8-nji synpda „Dünýä taryhy“ boýunça XVI asyryň başlaryndan XIX asyryň ikinji ýarymyna çenli bolan döwri öwrendeňiz. Bu döwürde jemgyýetiň ösüşinde depgin güýçlendi. Önümçilik irileşdi. Syýasy demokratiýa resmileşip, ýokary gatlaklaryň hökümdarlyk şekilleri kämilleşdi. Siz dünýä taryhynyň iň gyzykly, şunuň bilen birlikde, çylşyrymly döwrüni öwrenýärsiňiz. Çünki bu döwürde dünýäde uly özgerişler bolup geçdi. Bu döwrüň esasy alamaty – önümçilikde monopolistik kapitalizm emele geldi. Dürli sindikatlar, karteller, konsernler emele geldi. Önümçilik merkezleşdi, daşary ýurda kapital çykarmak başlanýar. Ençeme döwletler 100 ýylda gazanyp bilmedik ösüşi gazandylar.