Joraýew

Özbegistanyň taryhy, 8 synp, Joraýew U., 2019

Özbegistanyň taryhy, 8 synp, Joraýew U., 2019.

Учебник по истории для 8 класса на туркменском языке.

   VIII synp „Özbegistanyň taryhy“ dersligi Size Watanymyzyň XVI asyrdan XIX asyryň ortalaryna çenli bolan taryhy barada bilim berýär.
Taryhçy alymlar Watanymyzyň taryhynyň bu döwrüne „Soňky orta asyrlar“ ýa-da „Üç hanlyklar döwri“ diýip at beripdirler. Bu döwür taryhymyzyň iň çylşyrymly, gapma-garşylyklara doly döwrüdir. Çünki bir wagtlar dünýäde meşhur bolan, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran Temuriler döwleti XVI asyryň başlarynda doly ýykylypdy. Siz munuň sebäplerini VII synp „Özbegistanyň taryhy“ dersliginden bilýärsiňiz. VIII synpda olary ýene bir ýatladyp geçýäris.

Özbegistanyň taryhy, 8 synp, Joraýew U., 2019
Скачать и читать Özbegistanyň taryhy, 8 synp, Joraýew U., 2019
 

Özbegistanyň taryhy, 11 synp, Joraýew N., Zamanow A., 2018

Özbegistanyň taryhy, 11 synp, Joraýew N., Zamanow A., 2018.

Учебник по истории для 11 класса на туркменском языке.

  XX asyryň soňky ýyllarynda we XXI asyryň başynda Özbegistanyň taryhy üçin bütinleý täze sahypa açyldy. Ol taryhy döwür hökmünde düýpli öwrülişik hadysasyny başlap berdi. Özbegistanyň sowet ulgamy şertindäki ahyrky ýyllary we özbaşdak ösüş döwri halkymyzyň birnäçe müň ýyllyk taryhynda özüniň mazmuny, düýp esasy, prosesleriň çaltlygy, waka-hadysalaryň okgunlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar.
Derslikde Özbegistanyň döwlet garaşsyzlygyny gazanmagy, täze jemgyýete geçiş döwründe syýasy özgertmeleriň amala aşyrylmagy, Özbegistanda hukuk demokratik döwlet gurulmagy, raýat jemgyýetiniň şekillendirilmegi, ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmaga degişli çäreler, ruhy taýdan päkleniş we milli gymmatlyklaryň dikeldilmegi hem-de Özbegistanyň dünýä bileleşiginden mynasyp orun almagy ýaly meseleler mümkingadar öz beýanyny tapdy.

Özbegistanyň taryhy, 11 synp, Joraýew N., Zamanow A., 2018
Скачать и читать Özbegistanyň taryhy, 11 synp, Joraýew N., Zamanow A., 2018
 

Taryhdan hekaýalar, 5 synp, Joraýew U., 2015

Taryhdan hekaýalar, 5 synp, Joraýew U., 2015.

Учебник по истории для 5 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Watanyň kesgitlemesi: Watan! Bu sözüň aşagynda älem-älem many bar. Watan – eziz, mähriban we mukaddes ýurt diýmekdir.
Watan – biz doglan mekan. Göbek ganymyz daman toprak. Watan – bu altyn bişik. Ata-enemiz, garyndaşlarymyz we dostlarymyz bilen bile ýaşaýan ýer. Babalarymyzyň yzlary galan ýer. Eždatlarymyzyň ýurdy, ýürekdäki göwher.
Watan – Janajan şäheriňiz we obasyňyzdyr. Adamyň kalby, arzuw-umytlary, guwançlary we geljegi Watany bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Mukaddes «Watan» sözi mähriban «ene» sözi bilen ýanaşyk durýar. Çünki, Watan hem ene ýaly ýeke-täkdir.

Taryhdan hekaýalar, 5 synp, Joraýew U., 2015
Скачать и читать Taryhdan hekaýalar, 5 synp, Joraýew U., 2015