Ismatowa

Terbiýe, 10 synp, Ismatowa N., Zamonow Z., Islamow Z., 2021

Terbiýe, 10 synp, Ismatowa N., Zamonow Z., Islamow Z., 2021.

Учебник по воспитанию для 10 класса на туркменском языке.

   Eliňizdäki nobatdaky «Terbiýe» dersliginde-de edil şonuň ýaly, maksatly we manyly ýaşamagyň düýp mazmuny barada sütünler we temalar, soraglar we jogaplar, olary işjeňleşdirýän döredijilik meseleleri getirilen. Şeýle hem, ylylmly adamlaryň garaýyşlary bilen çuňňur baýlaşdyryldy.
Möhümi, köp mysallar we ýagdaýlar deň-duşlaryňyzyň durmuşyndan alnyp, başlangyç synplarda alan bilimleriňizi has-da berkitmäge hyzmat edýär.
Bu kitap, häzirki wagtda çaltlaşýan globallaşma prosesinde siziň ruhubelent, başarnykly we sazlaşykly terbiýelenmegiňizde, dürli howplar bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda amaly kömekçi, durmuş ýol görkeziji gollanma bolar diýip umyt edýäris.

Terbiýe, 10 synp, Ismatowa N., Zamonow Z., Islamow Z., 2021
Скачать и читать Terbiýe, 10 synp, Ismatowa N., Zamonow Z., Islamow Z., 2021
 

Terbiýe, 11 synp, Kenjaýew D., Ismatowa N., Islamow Z., 2021

Terbiýe, 11 synp, Kenjaýew D., Ismatowa N., Islamow Z., 2021.

Учебник по воспитанию для 11 класса на туркменском языке.

   Ýene az salymdan özbaşdak durmuşyň bosagasyna gadam basarsyňyz. Sizi geljekde gündelik durmuşyň ýönekeý synaglarydyr «belent-pesligi»nden başlap ömrüň ajaýyp we ynanylmaz synag edilmedik ýollary garaşyp dur. Sebäbi bu dirilik giňişliginde ýagşylyk we ýamanlyk, dogruçyllyk we ýalançylyk, halal we haram ýaly häsiýetlerdir, nogsanlyklar aramyzda tapylýar. Olar bir-birlerine ýakyn ýaşaýarlar. Elbetde, durmuş edil şunuň bilen reňkli, öwüşgünli we syrlydyr.
Göz öňüne getiriň, ömrüňizde ilkinji gezek kyn ýagdaýa duçar bolduňyz nädip ýeňmelidigini bilmeýärsiňiz. Oňa garşy göreşmäge güýç gudrat tapyp bilmeýärsiňiz. Onda siz kime ýa-da näme ýüzlenerdiňiz? Şübhesiz, beýle ýagdaýlarda ene-atalaryňyzyň we ýakynlaryňyzyň hoşniýetlilik we arassaçylyga esaslanan şahsy göreldesi, halypa mugallymlaryňyzyň mähribanlygy we talap ediji öwüt-nesihatlary örän peýdalydyr. On bir ýylyň dowamynda beýleki dersler bilen birlikde «Terbiýe» okuw kitabyndan alan owadan terbiýäňiz, bilimiňiz we başarnygyňyz kömege geler.

Terbiýe, 11 synp, Kenjaýew D., Ismatowa N., Islamow Z., 2021
Скачать и читать Terbiýe, 11 synp, Kenjaýew D., Ismatowa N., Islamow Z., 2021
 

Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019

Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019.

Учебник по праву для 8 класса на туркменском языке.

Фрагмент из книги:
Soňky ýyllarda, garaşsyzlygy gazananymyzdan soňky döwürde ilkinji gezek garaşsyzlygyň düýp manysyny aňladýan taglym — ynsan bähbitlerini döwletimiziň işiniň merkezine alyp çykmak taglymy öňe sürüldi. Erkin, özbaşdak ýaşamak, özüniň mümkinçiliklerini, ukybyny doly ýüze çykarmak ähli şertler taýýar edilen ýerde ýaşamak, güzeran geçirmek her bir adamzadyň ozaldan arzuwy bolup gelipdir. Adamyň bu arzuwunyň amala aşmagy, onuň ýaşaýan ýurdunyň hakyky erkin, bagtly durmuşy üpjün edip bilmegi üçin şu ýurtda belli bir ykdysady-sosial we syýasy-hukuk şert bolmalydyr. Bu ýerde adam hukuklaryna we azatlyklaryna bolan üns iň ýokary derejede bolmalydyr. Çünki adam özüni özbaşdak we bagtly duýmagy üçin, ilki bilen, hökman onuň hukuklary we azatlyklary üpjün edilen bolmaly.

Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019
Скачать и читать Özbegistanyň döwlet we hukuk esaslary, 8 synp, Karimowa O., Ismatowa N., Sarikow Ş., Amanowa O., 2019
 

Dünýä dinleriniň taryhy, 11 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., Ismatowa N., 2018

Dünýä dinleriniň taryhy, 11 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., Ismatowa N., 2018.

Учебник по истории для 11 класса на туркменском языке.

   «Dünýä dinleriniň taryhy» predmetini öwrenmek bilen, ygtykadyňyza seretmezden başga dinleri kemsitmezden, başgalaryň dini duýgularyny hormat etmek kadalaryny berjaý etmelisiňiz. Derslikdäki temalar bölümlere bölünen. Her bir bölümde dersde öwrenilýän esasy düşünjeler, tema degişli goşmaça maglumatlar, alymlaryň we beýik döwlet işgärleriniň göreldeli pikirleri, gyzykly faktlar, döredijilikli iş hem-de berkitmek üçin soraglar orun alan. Tekstde duşýan käbir adalgalaryň düşündirişini kitabyň ahyrynda berlen sözlüklen tapyp bilersiňiz.

Dünýä dinleriniň taryhy, 11 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., Ismatowa N., 2018
Скачать и читать Dünýä dinleriniň taryhy, 11 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., Ismatowa N., 2018
 

Döwlet we hukuk esaslary, 11 synp, Ismatowa N., Karimowa O., 2018

Döwlet we hukuk esaslary, 11 synp, Ismatowa N., Karimowa O., 2018.

Учебник по праву для 11 класса на туркменском языке.

   Eliňizdäki derslik aşaky synplarda alan bilimleriňizi dowam etdirýär we üstüni ýetirip, hukuk bilimleriňizi giňelder. Medeniýete eýe bolmak bolsa özüňiziň eliňizde.
Kanunlary bilmedik adam bu günki günde öz hukuklaryny gorap bilmeýär we borçlaryny aňmaýar. Ol durmuşda käbir kyn ýagdaýa düşende, şol ýagdaýdan nähili çykyp gimegi, meseläni nähili çözmegi bilmezden, goragsyz bolup galmagy mümkin. «Azat bolmak üçin bu kanunlara boýun egmeli», diýen eken Siseron. Çünki, kanunyň ileri tutulmagy ýurtda parahatçylyk-berkararlyk, azatlyk we demokratik prinsipler höküm sürmeginiň kepilidir. Şu ugurdaky bilimleriňizi berkitmekde we ýokary ahlak gymmatlyklar bilen birlikde hukuk medeniýetine eýe bolmakda size üstünlikler arzuw edýäris.

Döwlet we hukuk esaslary, 11 synp, Ismatowa N., Karimowa O., 2018
Скачать и читать Döwlet we hukuk esaslary, 11 synp, Ismatowa N., Karimowa O., 2018