Islamow

Terbiýe, 10 synp, Ismatowa N., Zamonow Z., Islamow Z., 2021

Terbiýe, 10 synp, Ismatowa N., Zamonow Z., Islamow Z., 2021.

Учебник по воспитанию для 10 класса на туркменском языке.

   Eliňizdäki nobatdaky «Terbiýe» dersliginde-de edil şonuň ýaly, maksatly we manyly ýaşamagyň düýp mazmuny barada sütünler we temalar, soraglar we jogaplar, olary işjeňleşdirýän döredijilik meseleleri getirilen. Şeýle hem, ylylmly adamlaryň garaýyşlary bilen çuňňur baýlaşdyryldy.
Möhümi, köp mysallar we ýagdaýlar deň-duşlaryňyzyň durmuşyndan alnyp, başlangyç synplarda alan bilimleriňizi has-da berkitmäge hyzmat edýär.
Bu kitap, häzirki wagtda çaltlaşýan globallaşma prosesinde siziň ruhubelent, başarnykly we sazlaşykly terbiýelenmegiňizde, dürli howplar bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda amaly kömekçi, durmuş ýol görkeziji gollanma bolar diýip umyt edýäris.

Terbiýe, 10 synp, Ismatowa N., Zamonow Z., Islamow Z., 2021
Скачать и читать Terbiýe, 10 synp, Ismatowa N., Zamonow Z., Islamow Z., 2021
 

Terbiýe, 11 synp, Kenjaýew D., Ismatowa N., Islamow Z., 2021

Terbiýe, 11 synp, Kenjaýew D., Ismatowa N., Islamow Z., 2021.

Учебник по воспитанию для 11 класса на туркменском языке.

   Ýene az salymdan özbaşdak durmuşyň bosagasyna gadam basarsyňyz. Sizi geljekde gündelik durmuşyň ýönekeý synaglarydyr «belent-pesligi»nden başlap ömrüň ajaýyp we ynanylmaz synag edilmedik ýollary garaşyp dur. Sebäbi bu dirilik giňişliginde ýagşylyk we ýamanlyk, dogruçyllyk we ýalançylyk, halal we haram ýaly häsiýetlerdir, nogsanlyklar aramyzda tapylýar. Olar bir-birlerine ýakyn ýaşaýarlar. Elbetde, durmuş edil şunuň bilen reňkli, öwüşgünli we syrlydyr.
Göz öňüne getiriň, ömrüňizde ilkinji gezek kyn ýagdaýa duçar bolduňyz nädip ýeňmelidigini bilmeýärsiňiz. Oňa garşy göreşmäge güýç gudrat tapyp bilmeýärsiňiz. Onda siz kime ýa-da näme ýüzlenerdiňiz? Şübhesiz, beýle ýagdaýlarda ene-atalaryňyzyň we ýakynlaryňyzyň hoşniýetlilik we arassaçylyga esaslanan şahsy göreldesi, halypa mugallymlaryňyzyň mähribanlygy we talap ediji öwüt-nesihatlary örän peýdalydyr. On bir ýylyň dowamynda beýleki dersler bilen birlikde «Terbiýe» okuw kitabyndan alan owadan terbiýäňiz, bilimiňiz we başarnygyňyz kömege geler.

Terbiýe, 11 synp, Kenjaýew D., Ismatowa N., Islamow Z., 2021
Скачать и читать Terbiýe, 11 synp, Kenjaýew D., Ismatowa N., Islamow Z., 2021
 

Dünýä dinleriniň taryhy, 10 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., 2017

Dünýä dinleriniň taryhy, 10 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., 2017.

Учебник по истории для 10 класса на туркменском языке.

   Ýurdumyzda jemgyýetçilik-ruhy gurşawy sagdynlaşdyrmakda milli gymmatlyklar bilen bir hatarda dini gymmatlyklaryň ähmiýeti hem uly. Özbegistanyň Birinji Prezidenti Islam Karimowyň aşakdaky sözlerinde bu prinsip özüniň aýdyň beýanyny tapypdyr: «Ýurdumyzy demokratik prinsipler, ylym-bilimiň gazananlary, ýokary tehnologiýalar esasynda modernizasiýa etmek bilen birlikde, mukaddes dinimizi, milli özlügimizi aýawlap ýaşamagy maksat edinendiris». Beýle çemeleşme durmuşy esasa eýe bolup, ol din ugrunda bolup geçýän özgerişleri halys, ylmy öwrenmek we şundan gelip çykyp, öňyn prosesleri has-da ösdürmek, ýaramaz halatlaryň öňüni almak üçin mümkinçilik döretdi.

Dünýä dinleriniň taryhy, 10 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., 2017
Скачать и читать Dünýä dinleriniň taryhy, 10 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., 2017
 

Dünýä dinleriniň taryhy, 11 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., Ismatowa N., 2018

Dünýä dinleriniň taryhy, 11 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., Ismatowa N., 2018.

Учебник по истории для 11 класса на туркменском языке.

   «Dünýä dinleriniň taryhy» predmetini öwrenmek bilen, ygtykadyňyza seretmezden başga dinleri kemsitmezden, başgalaryň dini duýgularyny hormat etmek kadalaryny berjaý etmelisiňiz. Derslikdäki temalar bölümlere bölünen. Her bir bölümde dersde öwrenilýän esasy düşünjeler, tema degişli goşmaça maglumatlar, alymlaryň we beýik döwlet işgärleriniň göreldeli pikirleri, gyzykly faktlar, döredijilikli iş hem-de berkitmek üçin soraglar orun alan. Tekstde duşýan käbir adalgalaryň düşündirişini kitabyň ahyrynda berlen sözlüklen tapyp bilersiňiz.

Dünýä dinleriniň taryhy, 11 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., Ismatowa N., 2018
Скачать и читать Dünýä dinleriniň taryhy, 11 synp, Islamow Z., Rahimjanow D., Najmiddinow J., Ismatowa N., 2018